Sepleriň elýeterliligi

Saglyk ulgamyndaky parahorluk eneleri horlaýar


Saglyk ulgamynda giň ýaýran korrupsiýa eneleriň we çagalaryň janyna howp salýar diýip, habar berilýär.

Saglyk ulgamynda giň ýaýran korrupsiýa eneleriň we çagalaryň janyna howp salýar diýip, habar berilýär.

5-nji martda türkmen paýtagtynda, şeýle hem ýurduň ähli welaýatlarynda we etraplarynda “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan enelere bagyşlanan dabaralar geçirildi.

Emma “Saglyk ulgamynda giň ýaýran korrupsiýa, professional derejäniň pesligi, ilatyň sosial goragynyň ýaramazlaşmagy türkmenistanly eneleriň we çagalaryň janyna howp salýar” diýip, bize gowuşýan habarlarda aýdylýar.

“Ýurduň çaga dogrulýan öýlerindäki ýagdaýlar “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolup biljek zenanlaryň sanynyň gitdigiçe azalmagyna getirer” diýip, özüni Maýsa Nuryýewa diýip tanadan graždan aktiwisti Azatlyk Radiosyna Türkmenistandan ýollan hatynda ýazýar.

Çaga dogrulýan öýde...

“13-nji fewralda ir sagat 11-de Aşgabat şäheriniň çaga dogrulýan öýüne “Tiz kömek” maşynynda bir göwreli aýaly getirdiler. Onuň ýagdaýy agyrdy. Burgusy tutup, agyra çydaman ýatyrdy – diýip, graždan aktiwisti hatyny dowam etdirýär. - Çaga dogrulýan öýde göwreli gelniň propiskasyny, ýagny nirede hasaba alnandygyny soradylar. Göwreli gelniň Abadan şäherinde hasaba alnandygyny, emma propiskasy Aşgabatda bolan adamsy bilen paýtagtda ýaşaýandygyny anyklan saglyk işgärleri ýaş gelni kabul etmekden boýun gaçyrdylar we onuň propiskasy boýunça öz degişli keselhanasyna barmalydygyny aýtdylar” diýip, Maýsa Nuryýewanyň hatynda aýdylýar.

Maýsa Nuryýewanyň tassyklamagyna görä, “Tiz kömegiň” wraçy ýaş gelne kömek etjek bolup, keselhananyň işgärleri bilen dawalaşypdyr. Ýöne mundan netije bolamsoň, ol “Tiz kömegiň” içinde zerur enjamlar bar, başga çykalga bolmasa, çagany maşynyň içinde dograrsyň” diýipdir.

“Ýaş gelin çaga dogrulýan öýüň binasyndan çykarylan badyna bäbegiň kellejigi görnüp başlady. Şondan soň gelni operasiýa edilýän zala ýerleşdirdiler” diýip, Azatlyk Radiosyna gowşan maglumatda aýdylýar.

Aýdylmagyna görä, göwreli gelniň hossarlary özleriniň çaga dogrulýan öýde ýaramaz garşylanyşlary barada Saglygy saklaýyş ministriniň adyna şikaýat ýazjakdyklaryny aýdýarlar, emma wraç: “Kime ýazsaňyz ýazyň, men hiç kimden gorkamok” diýip, gödek jogap berýär. Graždan aktiwistiniň tassyklamagyna görä, şol gün operasiýa stolunda doglan çaga bir günden soň aradan çykypdyr.

“Bu gürrüňi edilýän bäbekhanada bir gezek bolan zat däl” diýip, graždan aktiwisti Maýsa Nuryýewa Aşgabadyň çaga dogrulýan öýünde saglyk işgärleriniň geleňsizligi, doňýürekligi hem professional derejeleriniň pesligi sebäpli dünýa inip ýetişmän heläk bolýan neresseleriň sanynyň az däldigini, çaga dogrup, ýaş üstünden ölýän ýaş zenanlaryň hem bardygyny aýdyp biljekdigini ýazýar.

Korrupsiýa we halkyň hukuksyzlygy

Döwlete degişli däl guramalaryň, garaşsyz hukuk goraýjy toparlaryň kanun esasynda hasaba alynýan we arkaýyn işläp bilýän ýurtlarynda şeýle ýagdaýlar dokumentleşdirilýär we jemgyýetçilige aýan edilýär. Emma Türkmenistanda beýle mümkinçilik ýok we aktiwistler bu hili habarlary öz atlary bilen açyk aýtmakdan hem çekinýärler.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda saglyk ugrundan uly işleriň edilýändigini, döwrebap saglyk öýleriniň gurlup, ulanylmaga berilýändigini aýdýarlar. Emma saglyk ulgamyndaky korrupsiýanyň Türkmenistanyň welaýat ýerlerindäki keselhanalarda hem az däldigi habar berilýär.

Mysal üçin, Mary şäheriniň bir ýaşaýjysy ýerli habarçymyz Soltan Açylowa bilen söhbetdeşlikde öz düşen ýagdaýy barada şeýle diýdi: “Ýaraman, Mary şäherindäki poliklinika bardym, göwrämdäki çaganyň içimde ölendigi belli boldy. Emma wraç ony aýyrmak üçin 100 dollar talap etdi”.

Leýla atly türkmen raýaty hem özüniň 28 ýaşyndaky jorasynyň ýaş üstünden ýogalandygyny, muňa çaga dogranda saglyk işgärlerine bermäge pul tapmazlygynyň sebäp bolandygyny gürrüň berdi. “Keselhanalarda, pul bermeseň, ýanyňa gelýänem, halyňy soraýanam ýok” diýip, Leýla Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG