Sepleriň elýeterliligi

Kongressde geçen diňlenişik jedelli we çekeleşikli boldy


Wekiller palatasynyň Watan howpsuzlygy komitetiniň başlygy respublikan Piter King (ortada) Kongressdäki diňlenişikde, 10-njy mart 2011-nji ýyl.

Wekiller palatasynyň Watan howpsuzlygy komitetiniň başlygy respublikan Piter King (ortada) Kongressdäki diňlenişikde, 10-njy mart 2011-nji ýyl.

“Amerikada musulman jemagatynyň radikallaşmagynyň çäkleri we muňa jemgyýetiň jogaby” ady bilen penşenbe güni Kongressde geçen diňlenişik jedelli hem çekeleşikli diňlenişikleriň biri boldy.

Tankytçylar Wekiller palatasynyň Watan howpsuzlygy komitetiniň başlygy respublikan Piter King tarapyndan ýola goýlan bu çekeleşik “Ýalňyş çemeleşme, ol millionlarça amerikaly musulmanyň garalanmagyna getirer” diýýärler. Olar ýurduň içindäki dörän terrorizme giňişleýin garalmagyny we munda zorluga daýanýan beýleki toparlaryň hem roluna üns berilmegini ündeýärler.

Komitetiň agzasy demokrat Şeila Jakson diňlenişigi “kanunyň gödek bozulmagy” diýip atlandyryp: “Bu adamzadyň tutuş esasyny garalamaga gönükdirilen zat” diýdi. Demokrat Benni Tomson hem: “Diňlenişik amerikaly musulmanlar barada gorky we ynamsyzlyk döretmek potensialyna eýe. Mundan terroristleriň hem peýdalanmagy mümkin” diýdi.

“Al-Kaýda Birleşen Ştatlary häzirki modern döwürde yslamyň garşysyna haçly ýöriş alyp barýanlykda aýyplaýar. Biz bu ýalana orun bermeli dal. Men Amerikanyň musulman jemagatynyň garşysyna gönükdirilýän bu diňlenişik baradaky propagandanyň janyndan geçen bombaçylary bu işe höweslendirmek üçin ulanylmagy hakda oýlanman bilemok” diýip, Tomson nygtady.

Komitetdäki beýleki respublikanlar tarapyndan goldanylýan Piter King bolsa diňlenişigi dowam etdirip: “Bu Obamanyň administrasiýasy tarapyndan soňky aýlarda ençeme gezek berlen gyssagly duýduryşlaryň logiki jogaby” diýdi.

“Men bu gün bu diňlenişigiň dowam etmelidigine ynanýandygymy açyk aýdaýyn. Yza tesmek syýasy sypaýyçylyga gorky bilen boýun egmek we bu komitetiň esasy jogapkärçiliginden, ýagny Amerikany terror hüjüminden goramakdan el üzmek bolar” diýip, King tekrarlady.

Göreşi güýçlendirmäge çagyrdy


King amerikaly musulmanlary yslam radikalizmine garşy göreşi güýçlendirmäge çagyrdy.

Amerikadaky musulman toparlar bolsa Kingi aralaryndaky radikalizmiň derejesini bolşundan has beter edip görkezýär diýip tankytlaýarlar. Mysal üçin, King Birleşen Ştatlardaky ymamlaryň 85 prosentiniň ekstremist bolmagynyň mümkindigini aýdýar. Ol şeýle-de musulmanlary howpsuzlyk güýçleri bilen bolmalysyça hyzmatdaşlyk etmezlikde aýyplaýar.

Penşenbe günündäki diňlenişigi emosional taýdan iň ýokary derejä ýetiren demokrat Keýt Ellisonyň görkezmesi boldy. Ellison 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda bolan terror hüjümlerinde “Dünýa söwda merkezi” çökende ol ýerdäki adamlara kömek etjek bolup, özi heläk bolan bir musulman medisina işgäri barada gürrüň berende, gözüniň ýaşyny saklap bilmän aglady.

Ellison: “Ol musulman bolansoň, käbir adamlar ol hüjümçileriň biri diýip, ýalan gürrüňleri ýaýratdylar. Ýöne munuň ýalandygy, onuň kimdigi belli bolansoň, ýüze çykdy. Mohammad Salman Hamdani bir amerikalydy. Ol öz janyny beýleki amerikanlar üçin pida etdi. Ol diňe bir etniki topara ýa bir dine degişli edilmeli däl” diýdi.

Görkezme beren beýleki adamlar bolsa, radikallaşan musulmanlaryň aýdanlaryna we olaryň edinen tejribelerine salgylanyp: “Bu diňlenişigiň geçirilmegi dogry” diýdiler. Mysal üçin, Melwin Bledşu kanun çykaryjylara öz ştatyndaky ymamyň ogluny terrorizm ýoluna salyp, onuň Ýemene gitmegine sebäp bolandygyny aýtdy.

Amerikadaky musulmanlaryň hemmesi barada däl-de, diňe bir kiçi topar hakda gürrüň barýandygyna göz ýetiren Bledşu: “Biz musulmanlaryň hemmesi barada gürrüň edemzok. Biz aram musulmanlaryň arkasyna bukulýanlar hakda gürleýäris. Amerika howp salýan şolar” diýdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG