Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ylmy


Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň baş edarasy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň baş edarasy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet başyna gelmegi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy täzeden dikeldildi. Akademiýanyň çägindäki institutlaryň ençemesi işläp başlady. Ylmy işgärleriň iş orunlary ep-esli köpeldildi. Ýapylan aspiranturalar, doktaranturalar çäkli ýagdaýda bolsa-da dikeldildi. Emma Türkmenistanyň alymlara ylmy dereje berýän Ýokary ylmy attestasion geňeşi häzire çenli işe başlanok, açylanok. Şonuň üçinem 1995-nji ýylyň iýulyndan bäri ýekeje ylmy işgärem ylmy işini gorap, alymlyk derejesini almady.

Nyýazow döwründe ýurdumyzyň formal taýdan işlän Ýokary ylmy attestasion geňeşi diňe Nyýazowa dürli ylmy derejeleri — ylymlaryň doktory, akademik derejesini beripdi. Häzir bolsa Ýokary ylmy attestasion geňeş prezident G.Berdimuhamedowa medisina hem ykdysady ylymlaryň doktory diýen derejäni bermek bilen, Akademiýanyň umumy ýygnagy döwlet baştutanyny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hakyky agzalygyna biragyzdan saýlady.

Dogry, 2007-2010-njy ýyllaryň 12-nji iýunynda —Ylymlar güni mynasybetli, 1995-nji ýylda ylmy işini gorap, Ýokary ylmy attestasion geňeşiň ýapylmagy bilen ylmy derejesini alyp ýetişmedik käbir alymlaryň kandidatlyk, doktorlyk derejeleri ykrar edilip, olara prezidentiň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda şahadatnama gowşuryldy.

Elbetde, 1995-nji ýylda ylmy işini goran käbir alymlaryň ylmy derejeleriniň giç hem bolsa, döwlet tarapyndan ykrar edilmegi gowy zat, emma ýurtda ylym ösdüriljek bolsa tizden-tiz Türkmenistanyň Ýokary ylmy attestasion geňeşi açylyp, ylmy işgärleriň öz ylmy işini goramagyna hakyky şerti döretmeli. Ylmy işini gorap, Ýokary ylmy attestasion geňeşiň ýapylmagy bilen ylmy derejäni alyp ýetişmedik adamlaryň hemmesiniň ýörite döredilen kommissiýanyň karary bilen ylmy derejeleri ykrar edilmeli. Ýogsam olaryň biriniň ylmy derejesiniň ykrar edilip, beýlekisiniň ylmy derejesiniň tassyklanmazlygy adamlaryň arasynda döwlet ýolbaşçylaryna bolan ynamsyzlygy güýçlendirýär.

Ylym hem ylmy işgärler hakynda täze kanun kabul edilip, ylymlaryň kandidatynyň ýyllyk dynç alşy 35, doktorlaryňky bolsa 45 güne ýetirildi. Bu kanunda alymlaryň hususy ylmy-barlag edaralaryny açmaga kanuny şert döredildi. Ýöne hakykat ýüzünde alymlaryň hususy ylmy edaralaryny döretmäge hiç hili mümkinçiligi ýok.

Ýokary okuw jaýyny tamamlan ýaşlar ylym bilen meşgullanmak üçin bäş ýyl önümçilikde işlemeli. Bu bolsa olaryň ylym bilen meşgullanmagyna bökdençlik döredýär. Şonuň üçinem tejribeli alymlar ýaşlary ylma çekmegiň hatyrasyna bu düzgüniň ýatyrylmagyny isleýärler. Munuňam üstesine, aspirantura, doktarantura okuwa kabul etmegi döwlet gözegçiliginden aýryp, ylmy edaralaryň, ýokary okuw jaýlarynyň öz ygtyýaryna bermeli. Şeýle hem ylmy işgärlere syýasy gözegçiligi bes edip, olaryň diňe ylym bilen meşgullanmagyna giň ýol açmaly.

Meniň bilen gürrüňdeş bolan birnäçe alymlaryň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentiniň wise-premýerlige bellenmegi ony döwlet çinownigine öwrüpdir. Şol sebäpli alymlar özleriniň baş ýolbaşçylarynyň derejesini awtomatik usulda wise-premýerler bilen deňäp, onuň diňe Ylymlar akademiýasyna ýolbaşçylyk edende, ýurda has köp peýda getirjekdiklerini aýdýarlar hem-de Akademiýanyň täze prezidentiniň Akademiýanyň ustawynda ýazylyşy ýaly, Akademiýanyň umumy ýygnagynda saýlanmagyny arzuwlaýarlar.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG