Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Klinton Liwiýanyň gozgalaňçy liderleri bilen duşuşýar


Klinton Pariže geldi, 14-nji mart.

Klinton Pariže geldi, 14-nji mart.

Şu gün ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Parižde Liwiýanyň gozgalaňçy liderleri bilen duşuşýar. Şol liderler Liwiýanyň howa giňişlikleri arkaly uçuşlary gadagan etmegi üçin dünýä liderlerine basyş edýärler.

Arap Ligasy bu ideýany goldady we Fransiýa bu maksada ýetmek üçin BMG-däki diplomatiki tagallasyny güýçlendirjekdigini aýtdy.

Ýekşenbe güni Muammar Kaddafiniň tarapdarlary strategiki taýdan ähmiýetli Brega şäherini almak üçin gozgalaňçy söweşijiler bilen uruşdylar. Olar ir bilen şäheri alandyklaryny yglan etdiler. Emma agşamara gozgalaňçylar Bregany yzyna alandygyny aýtdylar.

Bularyň haýsysynyň dogrudyny tassyklamak mümkin däl.
XS
SM
MD
LG