Sepleriň elýeterliligi

Bahreýnde polisiýa protestçiler bilen çaknyşdy


Bahreýniň paýtagty Manamadaky protestler, 13-nji mart.

Bahreýniň paýtagty Manamadaky protestler, 13-nji mart.

Ýekşenbe güni Bahreýniň polisiýasy Merkezi bankyň Manamadaky jaýyny eýelemäge synanyşan protestçiler bilen çaknyşdy.

Şaýatlaryň aýtmagyna görä, polisiýa 350 çemesi aktiwiste garşy gözden ýaş akdyryjy gaz we rezin dürre ulandy.

Keselhanadaky çeşmeler protestlerde 200-e golaý adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Bahreýniň Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, 14 polisiýa işgäri ýaralanypdyr.

Patyşa Hamad esasy oppozision toparlary bilen diýalog geçirmek teklibini gaýtalady.

Oppozisiýa entek hökümet işden çekilýänçä we dissidentler türmeden boşadylýança diýalogdan ýüz öwürýär.
XS
SM
MD
LG