Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krowleý Pentagonyň hereketini tankytlady, wezipesinden çekildi


Filip Krowleý
Filip Krowleý
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Filip Krowleý wezipesinden çekildi. Ol ýakynda Pentagonyň hereketini tankytlapdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Krowleýiň işden gitmegine gynanýandygyny aýtdy.

Filip Krowleý öz çykyşynyň soňuny göz öňünde tutup, şeýle karara gelendigini we aýdanlarynyň yzynda durýandygyny mälim etdi.

Krowleý golaýda Massaçussets tehnologiýa institutynda eden çykyşynda amerikaly harby Bredli Menninganyň tussaglykda saklanyşynyň “gelşiksizdigini we ters netijelidigini” belläpdi.

Menningan “WikiLeaks” Internet saýtyna syrly dokumentleri berenlikde aýyplanýar.

Emma Krowleý Menninganyň tussag edilmegini “dogry” hasaplaýar.

Menningan bir adamlyk kamerada saklanýandygyny we mydama eli gandallydygyny öz aklawjysy arkaly habar berdi.
XS
SM
MD
LG