Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: saýlawlar soraglary döredýär


Orsýetiň Merkezi saýlaw komissiýasynyň metbugat merkezi, Moskwa, 13-nji mart.

Orsýetiň Merkezi saýlaw komissiýasynyň metbugat merkezi, Moskwa, 13-nji mart.

Ýekşenbe güni Orsýetde bolan regional saýlawlara premýer-ministr Wladimir Putiniň “Bütewi Orsýet” partiýasy üçin ýakyn 12 aýyň dowamynda boljak parlament we prezidentlik saýlawlaryndan öňürti soňky synag hökmünde garalýar.

Saýlawlarda Kremliň haýbat atmalary ulanandygy we käbir adamlary sylaglamak arkaly saýlaw sistemasyny öz haýryna peýdalanandygy baradaky aýyplamalara garamazdan, “Bütewi Orsýet” partiýasynyň ähli 12 regionda ýeňiş gazanjakdygyna ynanylýar.

Geçen hepde Orsýetiň parlamentiniň başlygy we “Bütewi Orsýet” partiýasynyň lideri Boris Gryzlow Sibirdäki Hanty-Manty regionynda eden çykyşynda hökümetiň öz graždanlarynyň aladasyny etjekdigini söz berdi: “Regionda tiz wagtda on müňlerçe täze iş orunlary açylar. Olar regiondaky tebigy baýlyklary gazyp almaga we Uralyň senagatyny ösdürmäge ýardam eder”.

Şu saýlawlar Ýakyn Gündogardaky protestler sebäpli nebitiň bahasynyň ösen wagtyna gabat geldi. Bu bolsa dünýäde iň köp nebit eksport edýän Orsýetiň hökümetine garaşylmadyk girdeji gazanmaga kömek etdi. Şeýle-de ol şu ýyl Moskwany dünýäde iň köp milliarder ýaşaýan şähere öwürdi.

Ýöne orta gürpde ýaşaýan orsýetlileriň aglabasy inflýasiýanyň täsirlerinden howatyrlanýar. Şu ýylyň iki aýynda azyk önümleriniň nyrhy üç prosentden gowrak ösdi. Şol bir wagtyň özünde-de awtoritarizm we giň ýaýran korrupsiýa üçin köp adam hökümeti tankytlaýar.

Geçen aý garaşsyz “Lewada” merkezi Orsýetiň dogry ýoldan barýandygy ýa-da barmaýandygy barada pikir soralyşyk geçirdi. Oňa gatnaşanlaryň 42 prosenti Orsýetiň dogry ýoldan barýandygyna ynanýandygyny aýtsa, beýleki 42 prosenti ynanmaýandygyny aýtdy.

Orsýetiň Kommunistik partiýasynyň lideri Gennadiý Zýuganow döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda regional saýlawlara dekabrdaky parlament we täze ýylyň martyndaky prezidentlik saýlawlarynyň möhüm bir bölegi hökmünde garaýandygyny aýtdy: “Hut şonuň üçinde ýurdy krizisden alyp çykmak, oba hojalygyna, saglyk we bilim sistemasyna kömek etmek barada anyk çärelerden ybarat hakyky programmany taýýarladyk”.

Hökümetiň ýeke-täk oppozisiýasy – kompartiýa

Kompartiýa parlamentdäki ýeke-täk oppozision partiýa. Emma, Kremliň tankytçylarynyň pikiriçe, bu hakyky oppozision topar däl. Düýnki saýlawlarda 20 million çemesi adam ses bermäge gatnaşdy. Käbir regionlarda häkimler we ýerli geňeşleriň agzalary hem saýlandy.

Garaşsyz “Golos” synçylar edarasyndan Andreý Buziniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, birnäçe welaýatlaryň resmileri synçylara basyş etdiler, olar synçylaryň Nižniý Nowgorodda saýlawlaryň geçişine syn etmegine böwet boldular: “Iki žurnalist tutuldy we olaryň biriniň öýüni dökdüler. Oňa diňe terrorizmde aýyplanýandygy aýdyldy. Şol bir wagtyň özünde ahli prosessual normalar bozuldy”.

Regional häkimiýetler saýlawçylaryň ses bermäge gatnaşmagyny gazanmak üçin olara konserte mugt bilet paýlamagy söz berdiler.

Analitikleriň pikiriçe, Putin bu saýlawlara indiki prezidentlik saýlawlaryna tarap ilkinji ädim hökmünde garaýar. Olar Putiniň täzeden prezident bolmak isleýändigine ynanýarlar.

Putin iki möhletiniň tamamlanandygy üçin 2008-nji ýylda prezidentlikden çekildi we öz ýerine Dmitriý Medwedewi belledi. Emma orsýetlileriň aglabasy Putiniň ýurda kontrollyk edýändigine ynanýarlar.

Geçen hepde döwlet telewideniýesi Putiniň saglyk sistemasynda işleriň ýaramazdygy üçin regional resmileri wezipesinden boşadandygyny görkezdi.

Orsýetiň hökümeti ýurtda saýlawlaryň erkin we adalatly geçýändigini aýdýar. Ýöne geçen aýda maliýe ministri Alekseý Kudrin Orsýetiň öz ykdysadyýetiniň täzeden dikelmegine kömek etmegi üçin “adalatly we dogruçyl” saýlawlaryň zerurdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG