Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ženewada Türkmenistanyň missiýasy açylar


BMG-niň Ženewadaky edarasynda agza döwletleriň 170-e golaý hemişelik missiýalary ýerleşýär.

BMG-niň Ženewadaky edarasynda agza döwletleriň 170-e golaý hemişelik missiýalary ýerleşýär.

Türkmenistan ýakyn wagtda BMG-niň Ženewadaky edarasynda öz missiýasyny açar. Ýurduň bu kararyny Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow mälim etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken permanyna laýyklykda, missiýanyň 2011-nji ýyl boýunça gün tertibi we býujeti, şeýle-de Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki diplomatik missiýalarynyň 2011-nji ýyl üçin býujetleri tassyklandy.

Türkmenistanyň täze missiýasynyň öňünde goýulýan wezipeler we býujetine degişli sanlar resmi maglumatlarda agzalmady.

“Türkmenistan BMG-niň baş edaralary bilen garaşsyzlyk ýyllarynda esaslandyrylan netijeli gatnaşyklaryny üstünlikli dowam etmäge we giňeltmäge taýýar” diýip, türkmen metbugatynda DIM-iň ýolbaşçysy Reşit Meredowyň sözünden sitata getirildi.

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň garaýşy

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Informasiýa bölüminiň ýolbaşçysy Korin Mommal-Wanianyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, BMG-niň Ženewadaky edarasy ähli agza döwletleriň täze merkezlerini açmak kararlaryny goldaýar. Sebäbi bu edara BMG-niň alyp barýan işiniň möhüm merkezi bolup durýar.

BMG-niň Ženewadaky edarasynda gurama agza döwletleriň 170-e golaý hemişelik missiýalary ýerleşýär. BMG-niň Nýu Ýorkdaky Baş edarasynyň daşyndaky esasy merkezi we guramanyň Baş sekretarynyň wekilhanasy bolan bu edara dünýäniň iň uly konferensiýa merkezleriniň biridir. BMG-niň Ženewadaky edarasynyň köptaraplaýyn diplomatiýa gönükdirilen işiniň çäginde bu ýerde ýylda 8 müňden gowrak duşuşyk geçirilýär.

BMG-niň Ženewadaky edarasy, guramanyň maksatlaryna laýyklykda, öz öňünde: dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak, ýaragsyzlanmagy öňe sürmek, adam hukuklaryny goramak, garyplygy ýok etmek, durnukly ösüşi üpjün etmek we adatdan daşary ýagdaýlarda ynsanperwer ýardamy bermek ýaly işleriň netijeliligini artdyrmak ýaly wezipeleri goýýar.

Adam hukuklaryna nähili tasiri bolar?

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Informasiýa bölüminiň ýolbaşçysy Korin Mommal-Wanian Türkmenistanyň öz missiýasyny açmak kararynyň ýurda BMG bilen adam hukuklary boýunça dialogy dowam etdirmäge itergi berjegine umyt baglaýar.

“Türkmenistan öz missiýasyny açmak bilen Adam hukuklary boýunça geňeşiň maslahatlaryna gatnaşyp, ynsan hukuklary boýunça bar bolan ähli ýörite çärelere goşulsa, bu onuň BMG bilen dialogda öňe tarap ädim ätmegi üçin möhüm bolar” diýip, Korin Mommal-Wanian Azatlyk Radiosyna aýtdy.

BMG-niň Ženewadaky edarasy hemişelik missiýalar, hökümetler, hökümetara we hökümete degişli bolmadyk guramalar bilen gatnaşyklary amala aşyrýar.

Şu günki gün Türkmenistan dünýäniň 129 ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar we 42 sany halkara guramanyň agzasy bolup durýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG