Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý öz ykdysadyýeti boýunça bäş ýyllyk plany tassyklady


Hytaýyň parlamentiniň ýyllyk sessiýasynda ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşi boýunça bäş ýyllyk plan tassyklanyldy.

Bu plan oba ýerlerini özgertmek we jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmek ýaly pudaklary hem öz içine alýar.

Milli Halk Kongressiniň 3,000 töweregi agzasy bu plany, parlamentiň 10 gün dowam eden mejlisiniň soňunda, ses berişlik arkaly tassyklady.

Premýer-ministr Wen Jiabaonyň aýtmagyna görä, geljek bäş ýyl Hytaýyň ykdysadyýetiniň reformalaşdyrylmagy üçin juda möhüm döwür bollar.
XS
SM
MD
LG