Sepleriň elýeterliligi

Fukuşimadaky ýadro desgasynyň 3-nji reaktory näsazlandy


Ýaponiýadaky “Fukusimo-Daiçi” atom stansiýasynyň 3-nji reaktorynyň sowadyjy sistemasy hem hatardan çykdy.

Mundan öň, bu atom stansiýasynda dörän partlamalar sebäpli, stanisiýanyň başga-da iki reaktorynyň sowadyjy sistemasy bozulypdy.

Resmileriň berýän maglumatyna görä, şu günki partlamada 11 adam ýaralanypdyr. Emma 3-nji reaktoryň korpusyna zeper ýetmändir.

Anna güni Ýaponiýada ýüz beren güýçli ýer yranma we sunami sebäpli, ölenleriň sanynyň 10,000-e çenli ýetmek howpunyň bardygy aýdylýar.

Ýurduň premýer-ministriniň bellemegine görä, bu heläkçilik ýurtda Ikinji jahan urşundan soň ýüze çykan iň elhenç krizis bolupdyr.
XS
SM
MD
LG