Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Liwiýa uçuş gadaganlygyny girizmek meselesine garady


Duşenbe güni BMG-iň Howpsuzyk Geňeşi Arap Ligasynyň Liwiýanyň howa giňişligi arkaly uçuşlary gadagan etmek çagyryşyna seretdi.

Britaniýa we Fransiýa Liwiýanyň howa giňişligi arkaly uçuşlary gadagan etmek boýunça taslama rezolýusiýany taýýarlady, emma ol entek kabul edilmedi.

Liwiýanyň resmileriniň aýtmagyna görä, eger-de gozgalaňçylaryň tarapyna geçen esgerler yzlaryna - Muammar Kaddafiniň güýçlerine geçseler, onda olaryň günäleri geçiler.

Muammar Kaddafä ygrarly güýçleriň hüjümleri sebäpli gozgalaňçylar özleriniň gözegçiligindäki ýerlerden yza çekilip başladylar.

Şenbe güni Arap Ligasy, Liwiýanyň parahat ilatyny Kaddafiniň esgerlerinden goramak maksady bilen, ýurduň howa giňişligi arkaly uçuş gadaganlygyny girizmek baradaky pikiri goldady.

Parižde Amerikanyň Döwlet sekretary Hillary Klinton G-8 toparyna girýän döwletleriň daşary işler ministrleri bilen Liwiýa meselesi boýunça maslahat geçirýär.

NATO-nyň ýeke täk musulman agzasy – Türkiýe Liwiýa garşy islendik harby interwensiýa pikirini goldamaýandygyny mälim etdi. Ankaranyň nygtamagyna görä, munuň “howply netijeleri” bolup biler.
XS
SM
MD
LG