Sepleriň elýeterliligi

Olary unutmaly däldiris: Aleksandr Danow


Aleksandr Wasilýewiç Danowy Nebitdag (häzirki Balkanabat) şäherini goltuklap oturan dagyň gujagynda jaýlapdyrlar.

Aleksandr Wasilýewiç Danowy Nebitdag (häzirki Balkanabat) şäherini goltuklap oturan dagyň gujagynda jaýlapdyrlar.

Şeýle umumy sözbaşy bilen bloglar toplumyny Azatlyk Radiosynyň Web sahypasynyň okyjylaryna hödürlemek bilen, ýurdumyzyň taryhynda görnükli yz galdyran özge milletleriň wekilleriniň ykballary, halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary barada maglumatlary bermegi niýet edinýärin. Olar hakyndaky bloglarymy okanlar Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň ösmegine mynasyp goşant goşanlaryň hakykatdanam unudylmaly däldigine göz ýetirerler diýip, umyt edýärin.

Şeýlelikde, ilkinji gahrymanymyz, unutmaly däl adamymyz — Aleksandr Wasilýewiç Danow. Türkmenistanyň at gazanan ylym we tehnika işgäridigine, ýurdumyzyň nebit we gaz ýataklaryny açandygy üçin mundan göni elli ýyl ozal SSSR-iň döwlet baýragyna mynasyp bolandygyna garamazdan, gynansak-da, bu ynsanyň adyna Türkmen sowet ensiklopediýasynda orun berilmändir. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen metbugaty ony hatda nebitçileriň gününde-de agzamaýar. Haýp!

Eýsem Aleksandr Danow kim? Ol asly kubanly rus adamy. Danow ömrüni tutuşlygyna dyýen ýaly türkmen topragyna, onuň adamlaryna bagyşlapdyr. Don politehniki institutynyň magdan fakultetini üstünlikli tamamlan ýigrimi üç ýaşly Aleksandr ýaňy üç ýaşan Türkmen respublikasyna Bütinsoýuz komitetiniň ekspedisiýasynyň ýolbaşçysy bolup gelýär. Garagumuň jümmüşinde onuň basmadyk, görmedik ýeri galmaýar. Ol Gowurdagyň kükürt känini, Jebeliň golaýyndaky daglardaky bentonot toýun ýataklaryny açýar. Gowurdak-Köýtendag baý kaliý dökün hazynasyny, Gumdag nebit ýataklaryny açmakda-da ol ilkinjileriň biridir.

A.Danow alym, pedagog, professor geolog bolupdyr. Altmyş dört ýaşabam dünýäden ötüpdir. Ol Türkmenistan bilen, aýratynam Balkan daglary bilen bagry badaşansoň, özüniň ömrüniň iň gowy ýyllary bagyşlanan Uly Balkanda jaýlanmagyny wesýet edipdir. Ony Nebitdag (häzirki Balkanabat) şäherini goltuklap oturan dagyň gujagynda jaýlapdyrlar. Dag daşynyň ýüzüne: "Bu ýerde Türkmenistanyň ümmülmez giňişlikleriniň baky bendisi ýatyr" diýlip, oýulyp ýazylypdyr.

Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başlaryna çenli Aleksandr Wasilýewiç Danow barada merkezi we ýerli metbugatda, Nebitdag şäher telestudiýasynda oçerkler, makalar, teleradiogepleşikler yzygiderli berilýärdi. Ýerli şahyr Nurgeldi Çakanow "Danowyň ýüregi" liriki poemasyny döredipdi.

Hawa, Danowyň ýüregi Maksim Gorkiniň adamlaryň ýoluny ýagtyltmak üçin öz jigerini gursagyndan sogrup beren gahrymany Dankonyňkyny ýatladýardy.

Heýem A.Danow ýaly Watanymyzy beýik söýgi bilen söýen, oňa ömrüni bagyşlan adamy unudyp bolarmy?! Elbetde, ýok!

Aşyrguly Baýryýew aşgabatly žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG