Sepleriň elýeterliligi

Türkmeniň milli nagyşlary


Zenanlaryň el işleri çabytdyr-kürteleri, zenanlaryň aýak geýimlerini hem bezeýär.

Zenanlaryň el işleri çabytdyr-kürteleri, zenanlaryň aýak geýimlerini hem bezeýär.

Türkmeniň milli nagyşlarynyň şu günki ýaly kämillige ýeten döwri ozal bolan däl bolsa gerek. Gadymdan gelýän el işleri ene-mamalarymyzdan nusga bolup, türkmen zenanlarynyň durmuşyna mäkäm ornaşdy. Zenanlaryň el işleri dürli matalardan tikilen zenan köýnekleriniň ýakalaryny, aýal-erkek donlaryny, tahýalary, çabytdyr-kürteleri, zenanlaryň aýak geýimlerini bezeýär. Tahýalary erkek kişiler üçin hem taýynlapdyrlar. Erkek adamlar, erkek oglanlar üçin ezýaka köýnekler hem, gyrmyzy donlar hem tikilipdir.

Aşgabatly zenan Maralyň aýtmagyna görä, Garaşsyzlyk ýyllary türkmeniň milli nagyşlary has hem kämilleşdi. Dürli kysymly tikin maşynlarynyň Türkmenistana getirilmegi bilen, nagyşlaryň görnüşleri-de artdy. Ussat suratkeşleriň döredýän nagyşlary hem gelin-gyzlaryň arasynda öz ornuny tapýar. Elleri çeper, zehinli gelin-gyzlarymyzyň käbiriniň döredýän nagyşlary diplomly suratkeşleriň döredýän nagyşlaryndan artykmaç bolmasa kem däl.

Ir döwürlerden bäri türkmen zenanlary haly dokamak, gaýma gaýamak, tara dokamak, el keşdelerini geýimlere salmak, nagyşly joraplary örmek bilen meşgul bolup gelen bolsalar, soňky 15-20 ýylyň dowamynda olar tikin maşynlarynda «bökme, sanjym» diýen ýaly nagyşlary döretdiler. Bu nagyşlar özleriniň dürlüligi bilenem, barha täzeçillige eýe bolýanlygy bilenem kämilleşdirilýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde zenanlar türkmen nagyşlaryny döwrebap millileşdirmegi ele aldylar. Türkmen zenanlary öz gyz-gelinlerine aňyrdan däp bolup gelýän el işlerini, nusgalary hemişe nesilden - nesle geçirip, öwredip gelýärler.

Türkmenistanda işsizligiň artmagy bilen, biziň gelin-gyzlarymyzyň el işleri maşgalanyň eklenç çeşmesine hem öwrüldi. Jygyldyk bazarlarynyň söwdasynyň bir bölegi gelin-gyzlaraň el işleri bolup, olar elýeter bahadan has ýokary bahalara çenli baryp ýetýär. Türkmen gyzlarynyň toý güni başyna atynýan kürtelerine salynýan nagyşlar şu günki gün göreniňde akylyňy haýran edýär. Soňky ýyllar däbe öwrülen gyrasaryly keteni köýnekler hem ýaş gyzlaryň-gelinleriň iň gowy görülýän moda köýnekleri boldy. Jygyldyk bazarlarynda gelin-gyzlaryň el işlerine diňe bir Türkmenistanyň ýaşaýjylary däl, eýsem daşary döwletlerden gelýän myhmanlar, syýahatçylar hem uly gyzyklanma bildirýärler.

El işlerinde ulanylýan ýüpek-sapaklar hem soňky ýyllar öz reňkleriniň dürli-dürlüligi bilen baýlaşdyrylýar. Bazarlardan, dükanlardan islendik reňkdäki ýüpek - sapaklary satyn alyp bolýar. Olar Hytaýdan, Eýrandan, Türkiýe döwletinden getirilýär. Emma esasy ýüpekler Türkmenistanyň özünde öndürülýär. Her bir görnüşli sapaklaryň öz ulanylýan nagyşlary bar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG