Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oba zenanlary nähili ýaşaýar?


Gulgeldivew: "Türkmenistanyň ilatynyň aglaba bölegi obalarda ýaşaýar diýilse, ýalňyş bolmasa gerek".
Gulgeldivew: "Türkmenistanyň ilatynyň aglaba bölegi obalarda ýaşaýar diýilse, ýalňyş bolmasa gerek".
Türkmenler ýaňy-ýaňylara çenli oba ýagdaýynda ýaşan millet. Bu ýurtda Ýewropa ýurtlarynda bolşy ýaly, üstünden bäş ýüz ýyl ýa-da bir asyr geçirip ýaşap oturan şäherler ýok. Elbetde, ady gadymyýete siňip galan Merw, Nusaý, Köneürgenç şäherler bolupdyr. Ýöne ol şäherleriň ýykylyp gidenine eýýäm ençeme asyrlar ötüpdi.

Häzirki döwürde «şäher» diýlip at berilýän şäherler Türkmenistanda diňe patyşa Russiýasy bu ýurdy basyp alandan soň gurlup başlandy. Bäş welaýatyň merkezi diýäýmeseň, etrap merkezleri-hä henizem oba tipli posýoloklar bolup durýar.

Şeýle bolansoň, Türkmenistanyň ilatynyň aglaba bölegi obalarda ýaşaýar diýilse, ýalňyş bolmasa gerek.

Obalar diňe oba zähmeti bilen ýaşaýar. Sowet hökümeti ýyllary içinde türkmen obalary Orsýetiň dokma fabrikleri üçin zerur çig mal bolan pagtany öndüriji mekan bolup durýardy. Şeýle bolansoň, türkmen gelin-gyzlary hem esasan pagta ekip-ýygnaýjylar bolup durýardylar.

Ýurduň Garaşsyzlygyndan soň obalara pagta ýygym işinden başga şalydyr bugdaý ýetişdirme işleri hem goşuldy. Gök önümlerini öndürmek obalylaryň şahsy melleklerine degişli bolup durýar.

Türkmenleriň obaly zenanlarynyň ählisi maşgalanyň ak-süýdüni satyn almaz ýaly, maşgala üçin öýde sygyr saklaýar hem-de Gün dogmanka turup, sygryny sagyp, süýt bişirýär. Gatyk basyrýar, käte süzme taýýarlaýar. Munuň-da üstesine, mallara ot ýygmak, ot bermek, gyşa bede taýýarlamak hem erkekler bilen bir hatarda aýalyň-da görnetin işi bolup durýar. Oba aýaly munuň-da daşyndan öýüň biş-düşi, gap-gaç, kir ýuwma bilen meşgullanýar. Çagalary terbiýeleýär. Kärendesine alan ýeri bolan hojalyklaryň zenanlary kärende ýerindäki ekinleri ekmek-ýygnamak işine-de gatnaşýar.

Oba zenanlary çöregi satyn alyp iýmeýärler. Özleri her gün hamyr ýugrup, tamdyra çörek bişirýärler.

Mellek işi bilen kir ýuwmak işi oba zenanyny esasy maýyrýan zatlaryň biri. Dünýä derejesinde tehnikalaryň ösüp, her hili kir ýuwujy maşynlaryň barlygyndan türkmen obalarynyň aýallaryna haýyr ýok. Sebäbi obalarda şaglap akyp duran suw krantlary ýok. Ýarym awtomat bolan kir ýuwujy maşynlaryny hem oba aýallary üçin hojalyk satyn almaýar. Ol kir ýuwujy maşynlary dollara satyn almaly bolýar. Oba adamlarynyň köpüsi öz aýallary üçin dollar töläp, kir ýuwýan maşyn satyn almakdan saklanýar. «Kir ýuwmak aýalyň işi. Aýal özüne degişli işi etmelidir» diýip, oba adamlarynyň köpüsi aýallaryň kiri maşynda ýuwmagyny unap durmaýarlar.

Oba zenanlary örän ýadaw. Olar Gün dogandan Gün batýança, uzakly günläp, mellegiň hem hojalygyň işinde gybyrdap geçýärler. Aldygyna çaga dogurýarlar. Öňler on çagasyz öýler obalarda juda az bolardy. Soňky döwürler welin oba gelinleri hem dogurmasyny azaldýarlar. Bu ýagdaý durmuşyň aşa gymmatlamagynyň netijesidir.

Oba aýallarynyň köpüsi şahsy hojalyklarynda öndürýän gök hem şaly önümlerini uzak-uzak ýollar aşyp, çem gelen welaýatlardaky bazarlarda satýarlar. Sowuk aýazda, jokrama yssyda agyr-agyr haltalary göterip ýören obaly aýallara islendik şäherde duşup bolýar. Gök önüm, miwe salnan agyr ýaşşikleri otlulara, maşynlara ýükläp, oba aýallary ol şäherden beýleki şähere ýelk ýasaýarlar. Olar şeýdip, çaga ekleýärler. Diňe erkek kişileriň gymyldany bilen indi çaga känbir ekledenok.

Oba aýallarynyň köpüsiniň sowatlylygy örän pes. Olaryň köpüsi diňe obalaryndaky mekdeplerini tamamlap, soňra hiç hili okuw bilen meşgullanmaýarlar. Oba klublary, oba kitaphanalary ýapylansoň, olar ýaş döwürlerinde hem kitap okama bilen meşgullanmaýarlar. Uly gürrüňleri mata-marlak, ekin-dikin, maşgala üçin gazançdan aňry geçmeýär.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG