Sepleriň elýeterliligi

Saud Arabystany Bahreýne 1,000 esgerlik goşun ýollady


Saud Arabystanynyň müň esgerden ybarat howpsuzlyk güýçleri Bahreýne gelýär, 14-nji mart.

Saud Arabystanynyň müň esgerden ybarat howpsuzlyk güýçleri Bahreýne gelýär, 14-nji mart.

Arap aýlagy ýurtlary Bahreýniň sünni patyşa maşgalasynyň şaýy musulman köpçüliginiň protestlerine garşy durmagyna kömek etmek üçin bu ýurda goşun ýolladylar.

Bahreýniň oppozisiýasy, şol sanda şaýylaryň iri “Wefak” partiýasy muny “yglan edilmedik uruş” diýip atlandyrdy.

Ak Tam Saud Arabystanynyň müň esgerden ybarat howpsuzlyk güýçleriniň ilkinji gezek Bahreýne barmagyna “çozup girme” hökmünde garamaýar.

Emma Ak Tam Bahreýniň hökümetini sowukganlylyga çagyrdy.

Bahreýnde ABŞ-nyň harby deňiz floty bar.
XS
SM
MD
LG