Sepleriň elýeterliligi

Ýemendäki protestleriň dowamynda çaknyşyk boldy


Ýemende prezident Ali Abdullah Salehiň häkimiýetden çekilmegi talap edilýär.

Ýemende prezident Ali Abdullah Salehiň häkimiýetden çekilmegi talap edilýär.

Duşenbe güni Ýemende prezident Ali Abdullah Salehiň häkimiýetden çekilmegini talap edýän protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyk boldy.

Roýteriň maglumatyna görä, Al Jawf welaýatynda protestçiler häkimligiň edarasyna zabt edende 3 esger öldürildi.

Saleh 30 ýyldan gowrak wagt bäri Ýemeni dolandyrýar.

ABŞ Salehe Ýemende “Al Kaýda” garşy göreşde kepilnama hökmünde garasa-da, bidüzgünçiligi ýazgardy we krizisi bes etmek üçin gepleşige çagyrdy.
XS
SM
MD
LG