Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz paýtagty Bişkekde iki etniki hytaýly öli tapyldy


Bişkekde iki etniki hytaýly öli tapylandan soň, duşenbe güni bu şäherdäki iki uly bazar ýapyldy.

Öldürilen hytaýlylaryň jesedi 12-nji martda “Taatan 2” atly bazardan tapyldy. Olar pyçaklanypdyr we gazaply ýenjilipdir. Olar 42 we 48 ýaşlarynda eken.

Bişkekde ýaşaýan onlarça hytaýly söwdagärler duşenbe güni öz ýurtlarynyň ilçihanasynyň öňünde protest geçirdiler we iki söwdagäriň öldürilmegine reaksiýa bildirmäge çagyrdylar.

13-nji martda Bişkegiň golaýyndaky Sadowoýe obasynda asly hytaýly musulmanlaryň ençemesi tussag edildi.

Hytaýyň Bişkekdäki ilçihanasynyň metbugat wekili Meerim Akmataliýewanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, gyrgyz resmileri ekspertizasyny tamamlandan soňra, ilçihana olaryň jesetlerini Hytaýdaky hossarlaryna iberer.

Resmi maglumatlarä görä, Gyrgyzystanda 18 müň çemesi hytaýly ýaşaýar. Emma, resmi däl sanlara görä, olaryň sany 50 müňe golaý.
XS
SM
MD
LG