Sepleriň elýeterliligi

Klinton Liwiýanyň oppozisiýa wekili bilen duşuşdy


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Parižde liwiýaly gozgalaňçylaryň wagtlaýyn Milli geňeşiniň wekili Mahmut Jebril bilen gepleşik geçirdi. Bu Liwiýanyň oppozisiýasynyň we ABŞ-nyň ýokary derejeli resmisiniň ilkinji duşuşygydyr.

Hillary Klintonyň metbugat wekili “Kaddafiniň režimine garşy göreşde Liwiýanyň halkyna kömek etmegiň mümkin bolan ýollarynyň” maslahat edilendigini aýtdy.

Mundan öň Hillary Klinton Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi bilen Liwiýadaky ýagdaýlary maslahatlaşdy.
XS
SM
MD
LG