Sepleriň elýeterliligi

Jo Baýden: Orsýet demokratiýany berkarar etmeli


ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden

Duşenbe güni ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýdeniň duýdurmagyna görä, Orsýet telekeçiligi parahorlukdan arassalamaly we Bütindünýä söwda guramasyna goşulmakdan doly peýda gazanmak üçin demokratiýany berkarar etmeli.

Orsýede saparyndan dolanan Baýden “International Herald Tribune” gazetinde çap edilen makalasynda “diňe batyrgaý we hakyky özgerişligiň” daşary ýurtly inwestorlaryň ünsüni özüne çekjekdigini belledi.

Baýdeniň pikiriçe, ähliumumy adamzat gymmatlyklary, hakyky oppozisiýa partiýalary, garaşsyz media we adalatly sudlar parahorluga garşy göreşmegiň iň gowy gurallary bolup durýar.

Parahorluk Orsýetde ykdysadyýetiň ösmegine esasy päsgelçilikdir.

Moskwa 1993-nji ýyldan bäri Bütindünýä söwda guramasyna goşulmagyň aladasyny edýär.
XS
SM
MD
LG