Sepleriň elýeterliligi

Ban Ki-mun Eýrandaky syýasy ýagdaýlara alada bildirýär


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun

BMG-niň aýtmagyna görä, Eýran oppozisiýany dargatmagyny, neşe gaçakçylaryny, syýasy tussaglary we kämillik ýaşyna ýetmedikleri jezalandyrmagyny barha güýçlendirýär.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun öz hasabatynda Eýranda zyna edenlikde aýyplanan erkekleriň we zenanlaryň daşlanyp öldürilmäge höküm edilýändigine hem juda biynjalyk bolýandygyny aýtdy.

Ban Ki-munuň BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşine ýollan hasabatynda bellemegine görä, Eýranda žurnalistler, bloggerler we aklawçylar tussag edildi ýa-da olaryň işleri togtadyldy.

Ban Ki-mun Tährany BMG-niň adam hukuklary boýunça derňewçilerini Eýrana goýbermäge çagyrdy.

Ban Ki-munuň 18 sahypalyk hasabaty 23-nji martda Ženewada maslahat ediler.
XS
SM
MD
LG