Sepleriň elýeterliligi

Hazaryň gurşawyny goramak boýunça maslahat geçirilýär


Duşenbe güni Aşgabatda Hazar deňziniň gurşawyny goramak meselelerine bagyşlanan regional maslahat başlandy.

Iki günlük maslahat BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň goldamagynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan geçirilýär diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Bu maslahata Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Orsýetiň we Eýranyň döwlet tebigaty goraýyş edaralarynyň bilermenleri, şeýle-de käbir halkara guramalarynyň wekilleri hem gatnaşýarlar.
XS
SM
MD
LG