Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýada radiasiýanyň derejesi barha ýokarlanýar


Sişenbe güni Ýaponiýanyň “Fukusimo-Daiçi” atom stansiýasynda dörän partlamadan we ýangyndan soň, radiasiýanyň derejesi adam ömri üçin howply çäge ýetdi. Bu barada ýurduň resmileri habar berýär.

Hökümet bu atom stansiýasyndan 30 kilometr töwerekdäki adamlary hiç ýere çykmazlyga çagyrýar.

Bu atom stansiýasyndan 240 km günortada, Tokioda hem radiasiýanyň derejesiniň artandygy aýdylýar.

Ýapon resmileriniň bellemegine görä, anna güni ýurtdaky ýer yranma sebäpli ölenleriň sany 10,000-e çenli ýetip biler.
XS
SM
MD
LG