Sepleriň elýeterliligi

Bahreýnde üç aýlap adatdan daşary ýagdaý dowam eder


Bahreýniň patyşasy ýurtda üç aýlyk adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi.

Bahreýnde eýýäm ençeme hepde bäri protestler geçirilýär. Protestçileriň aglabasy ýurduň şaýy musulmanlary.

Ýerli telewideniýede berlen maglumata görä, patyşa Hamad ýurduň howpsuzlyk güýçlerine sişenbe gününden başlap üç aýyň dowamynda ýurda gözegçilik etmäge görkezme beripdir.

Duşenbe güni Pars aýlygynyň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň agza ýurtlary Bahreýniň sünni patyşasyna ýardam hökmünde 1,000 töweregi esgeri Bahreýne ugradypdy.
XS
SM
MD
LG