Sepleriň elýeterliligi

Kaddafiniň güýçleri Zwara şäherini yzyna aldylar diýilýär


Sişenbe güni Kaddafiniň tarapdarlary gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki Zwara şäherini yzyna alypdyrlar diýlip, habar berilýär.

Duşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Döwlet Sekretary Hillary Klinton Liwiýanyň oppozisiýa wekilleriniň biri Mahmud Jebril bilen duşuşyk geçirdi.

Parižde geçen bu duşuşykdan soň, ne Hillary Klinton ne-de Mahmud Jebril bolan gürrüňdeşligiň mazmuny barada kommentariýa berdiler.

Sişenbe güni G-8 toparyna girýän döwletleriň daşary işler ministrleri Liwiýadaky krizisi maslahat etdiler.

Maslahatda Liwiýanyň howa giňişligi arkaly uçuş gadaganlygyny girizmek teklibi kabul edilmedi.
XS
SM
MD
LG