Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müňlerçe palestinlalylar iki sany parallel ýörişi geçirýärler


Müňlerçe palestinalylar Iordan derýasynyň çep kenary bilen “Hamas” hereketiniň gözegçiligindäki Gaza Sektorynyň birleşmegi ugrunda iki sany parallel ýörişi geçirýärler.

Berilýän maglumata görä, Gaza şäherinde 25,000 töweregi adam ýygnanypdyr, şeýle-de 8,000 töweregi adam Iordan derýasynyň çep kenarynda - Ramallahda ýöriş geçiripdir.

Bu ýörişler ýaş aktiwistleriň “Facebook” sosial seti arkaly ýaýradan çagyryşlary esasynda geçirilýär.

Aktiwistler “Fatah” hereketi bilen “Hamas” fraksiýasynyň arasyndaky bölünşigiň tamamlanmagyna çagyryş edýärler.

“Hamas” 2007-nji ýylda Gazanyň gözegçiligini öz eline geçiripdi. Iordan derýasynyň çep kenary bolsa “Fatah” fraksiýasy tarapyndan dolandyrylýar.
XS
SM
MD
LG