Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Human Rights Watch” guramasynyň Daşkentdäki edarasy ýapylýar


Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Human Rights Watch” guramasynyň aýtmagyna görä, özbek häkimiýetleri bu guramany Daşkentdäki wekilhanasyny ýapmaga mejbur edipdirler.

“Human Rights Watch” öz işgärlerine wizalary, iş akkreditasiýalaryny bermän, guramanyň işine päsgel bermekde özbek resmilerini aýyplaýar.

“Human Rights Watch” guramasynyň bellemegine görä, guramanyň ýurtdan çykarylmagy “Özbegistanda adam hukuklary boýunça krizisiniň has-da ýaýbaňlanan” döwrüne gabat gelipdir.

Özbegistanda onlarça žurnalistler we aktiwistler tussaglykda saklanylýar.

Ýurduň prezidenti Yslam Kerimow Özbegistana 20 ýyl töweregi bäri baştutanlyk edip gelýär.
XS
SM
MD
LG