Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýadaky ýadro stansiýa krizisi


Medisina işgäri Koriýama şäheriniň ýaşaýjysyndaky radiasiýa derejesini barlaýar, 13-nji mart.
Medisina işgäri Koriýama şäheriniň ýaşaýjysyndaky radiasiýa derejesini barlaýar, 13-nji mart.
Häzir Ýaponiýada atom ekspertleri Fukuşima ýadro toplumyna ýeten zyýanlaryň ýaýramagynyň öňüni almak üçin diş-dyrnak göreşýärler. Esasy gorky ol ýerdäki reaktorlaryň ýangyç elementleri eräp, ýokary derejedäki radioaktiwligiň töwerege ýaýramagy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Brýus Panniýer Fukuşimada nämeleriň bolup geçýändigine düşünmek üçin britaniýaly fizik alym Frank Barnaby bilen söhbetdeş boldy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Fukuşima ýadro desgalarynda bolan partlamalara sebäp bolan zatlar näme?

Britaniýaly alym Frank Barnaby
Frank Barnaby:
Muňa sebäp bolan zat sowadyş sistemasynyň kesilip, ýangyç elementleriniň gyzanlygy. Sowatmak üçin olaryň üstüni ýapýan suw elektrik kesilensoň, bugaryp gidip, olaryň üsti açyk galdy. Şeýdip, bu elementler gyzdy. Gyzgyn netijesinde suw kislorod bilen wodoroda bölündi. Wodorod partlap, daşky galyba zyýan ýetdi. Ýöne içki galyba bolan zat ýok. Şol sebäpden çykan radioaktiwlik köp däl. Ýöne ýaman tarapy bu işde başga reaktorlaryň-da bardygy. Munuň soňunyň nirä barjakdygy belli däl.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Käbir ekspertler reaktorlara deňiz suwunyň goýberilmegi çäresizlikden edilen iş diýýärler. Käbirleriniň aýtmagyna görä bolsa, bu ätiýaçlyk planyna degişli. Bularyň haýsysy dogry?

Frank Barnaby: Bularyň ikisi-de dogry. Bu aslynda edilýän iş däl. Bu reaktoryň özeniniň çalşyrylmagyny aňladýar. Reaktory göz öňünde tutup aýdanyňda, bu bir gowy iş däl. Beýleki tarapdan bolsa, olar ony sowatmaly. Sunami sebäpli olara galan başga ýol ýok. Täze suw bolmansoň, olar deňiz suwuny goýberipdirler. Bu bir gowy iş däl. Meniň pikirimçe, şonuň netijesinde olar reaktory çalşyrmaly bolarlar.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Ýangyç elementleriniň eremek gorkusy näderejede? Ol elementler eräýse, näme bolar?


Frank Barnaby: Ýangyç elementleri köp wagt bäri reaktorda. Şol sebäpden olar ýokary derejede radioaktiwdir. Olar erese, radioaktiwligiň töwerege ýaýramak howpy bar. bu Çernobylda bolan zat. Bahasyna bakmazdan, munuň öňi alynmaly. Esasy problema reaktoryň özeniniň eräp, töwerege radioaktiwligiň ýaýramagy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Häzir Fukuşimada iň bärsinden üç reaktorda kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolunýar. Birleşen Ştatlarda bir atom eksperti Fukuşimada häzir bolup geçýän zatlary 1970-nji ýyllarda “Three Mile” adasyndaky ýadro desgasynda bolan hadysa deňeýär, bu ýerde, şeýle hem Çernobylda diňe bir reaktora zyýan ýetendigini belleýär. Onsoň dürli reaktorlardaky problemalary çözmek has kyn bolaýjak ýaly.


Frank Barnaby:
“Three Mile” adasynyň Amerikanyň iň ýaramaz ýadro betbagtçylygydygyna şübhe ýok. Ýöne ol beýle howply däldi. Bu ýerde kynçylyk döreden zat sowadyjy suw meselesi bolupdy. Fukuşimada hem şeýle. Ýöne “Three Mile” adasy Ýaponiýadakylaryň derejesinde däldi. Ol bular bilen deňäniňde bir ownuk hadysady. Onuň uly sosial we psihologik täsirleri boldy. Ýöne ol potensial betbagtçylyk taýdan beýle howply däldi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Öňümizdäki günlerde we hepdelerde Fukuşima desgasynyň töweregindäki sebitlerde näme zatlara garaşyp bolar?

Frank Barnaby: Bu galybyň üýtgemän durmagyna ýa durmazlygyna, köp radioktiw jisimiň çykyp-çykmazlygyna bagly. Sebäbi şu çaka çenli çykan radioaktiwlik - esasan sezi-137 we ýod - basyşy peseltmek maksady bilen çykaryldy. Bu kontrollyk astynda belli bir maksat bilen edilen iş.

Biziň häzir has gorkýanymyz radioaktiwligiň partlama bilen çykmagy, partlama bolup, galyp dargap, uly möçberde ýokary derejeli radioaktiw izotoplaryň çykmagy. Bu agyr betbagtçylyga getirip, biz Çernobylyň ýagdaýyna düşeris. Şu wagt, ol wakadan 25 ýyl soň, Çernobyldan müňlerçe kilometr uzakda ýerleşýän Uelsde şindi-de, goýunlary radioaktiwlik üçin barlamaly bolýandygyny göz öňüne getirseňiz, bu problemanyň näderejede howpludygyna düşünersiňiz.

Biz ýaponiýalylaryň we goňşy halklaryň hatyrasyna hernä köp radiasiýa çykmasyn diýip, umyt etmeli. Zeper ýeten reaktorlaryň galyplary dargaman, radiasiýany saklasyn diýip, umyt etmeli. Biziň häzir bar umydymyz şol.
XS
SM
MD
LG