Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanyň pensiýasyna – Eýran harytlary


Wideo: Her gün Azerbaýjanyň Eýran bilen serhedine müňlerçe adam ýygnanýar. Tikenli simleriň arkasynda köp sanly adamlar serhetden geçmek üçin sagatlap bulam-bujar hatarda öz nobatlaryna garaşýarlar.


Nebite baý Azerbaýjanyň ilatynyň öz günorta goňşusy Eýrana geçmeginiň sebäpleri nämede? Bu soragyň jogabyny iki sözde jemläp bolýar, ýagny “azyk-haryt meselesi”. Azerbaýjanda azyk-harytlaryň bahasynyň artmagy sebäpli ilat zerur harytlaryny satyn almak üçin ýurduň daşyna gidýär.

Serhetden geçmekçi bolup, ol ýerde garaşyp duran bir azeri zenanynyň Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugyna aýtmagyna görä, onuň alýan pensiýasy öz ýurdunda zerur azyklary almaga ýetmeýär. Ol zenan: “Men näme üçin Eýrana gitmäýin? Biz özümize gerek ähli zady: eti, ýagy şol ýerden alýarys. Bu zatlar biziň ýurdumyzda juda gymmat. Biz Eýrandan alýan zatlarymyzy öz ýurdumyzda öz ujypsyzja pensiýamyza satyn alyp bilemzok” diýdi.

Soňky aýlaryň dowamynda Azerbaýjanda azyk harytlarynyň bahalary çakdanaşa ýokarlandy. Berilýän resmi sanlara görä, diňe fewral aýynda umumy bahalar 2,2 prosent ýokarlanypdyr. Gandyň bahasy 9,5 prosent artan bolsa, kartoşkanyň bahasy 12,5 prosent ýokarlandy. Garaşsyz analitikleriň bellemegine görä, aslynda bu görkezijiler has ýokary bolmaly.

Bakuwda ýaşaýan ykdysadyýetçi Bukar Baýramowyň çaklamalaryna görä, şu ýylyň dowamynda azyk harytlarynyň umumy bahasy 16 prosent ýokarlanar.

Serhetde nobatyna garaşyp duran başga bir zenanyň bellemegine görä, Azerbaýjanda halkyň öz güzeranyny ölmez-ödi dolandyrjak bolup edýän aladalary gitdigiçe güýçlenýär. Ol zenan: “Eger-de olar Eýran bilen serhedi ýapsalar, biz heläk bolarys. Adamlar biri-birini gyrgyna berer” diýip howatyrlanýar.

Azyk harytlarynyň bahasy ählumumy galýar

Azyk harytlarynyň bahalarynyň ýokarlanmagy diňe bir Azerbaýjanda dörän ýagdaý däl. ”Oksim International” guramasynyň berýän maglumatyna görä, 2010-njy ýylyň iýulyndan bäri mekgejöweniň bahasy 74 prosent , bugdaýyňky 84 prosent, gandyň bahasy 77 prosent, ýaglaryň bahasy-da 57 prosent ýokarlanypdyr.

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba-hojalyk guramasynyň bellemegine görä, bu gurama 1990-njy ýylda düýbi tutulaly bäri, geçen ýylyň dekabrynda azyk hartylarynyň indeksi rekord derejesinde ösüp, 3,4 prosente deň bolupdyr.

Ýöne, bu sanlara garamazdan, käbir analitikler Azerbaýjanda azyk kynçylygyny ýurtdaky korrupsiýa we döwlet bilen ilteşikdäki monopoliýalaryň importa edýän gysyşy bilen düşündirýärler.

Bazar söwdasyndaky agalyk – gymmatlyga getirýär

Bakuwly ykdysatçy Wukar Baýramow bu ýagdaýy şeýle düşündirýär: “Azyk harytlarynyň ýerli bazara import edilmegini bir ýa-da iki sany monopoliýa öz elinde saklaýar. Beýleki kompaniýalara bolsa olaryň “mellegine” girmek gadagan. Men importy göz öňünde tutýaryn. Soň olar, elbetde, ýerli bazarlarda bahalary galdyrarlar. Şonuň üçinem azyk harytlaryny satmakda we harytlaryň bahasynda hiç hili bäsleşik ýok”.

Baýramow monopoliýalaýyn artykmaçlyga eýe kompaniýalaryň köplenç hususy eýeçilikdedigini nygtaýar. Ýöne ol köplenç bu monopoliýalaryň arkasynda güýçli hökümet resmisiniň durandygyny hem sözüne goşdy. Mysal üçin, golaýda ”WikiLeaks” internet saýtynyň çap eden maglumatynda aýdylmagyna görä, Azerbaýjanyň iň täsirli adamlarynyň biri hasaplanýan, ýurduň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministri Kemaladdin Heýdarow ýurtdaky miwe suwlarynyň gözegçiligini öz elinde saklaýar.

”WikiLeaks” saýtynyň çap eden maglumatlaryna görä, Heýdarowyň gözegçiligindäki “Gilan holding” kompaniýasy bahalary “juda ýokarlandyryp goýupdyr”. Şeýle-de ýurduň Döwlet gümrük gullugynyň üsti bilen ol bu ugurdaky türkiýeli, ukrainaly we orsýetli bäsdeşleriniň ýagdaýyny kynlaşdyrypdyr.

Düýbi Bakuwda ýerleşýän Ykdysady barlag merkeziniň başlgygy Kubad Ibadoglunyň bellemegine görä, korrumpirlenen gümrük işgärleri gandyň bahasyny ýokarlandyrýarlar: “Biz hasaplap gördük, gandyň bahasy dokumentlerde gümrükde 35 sent diýip kesgitlenen. Ýöne onuň ýerli bazarda bir kilogramynyň bahasy 1,20 dollara durýar”.

Başga-da käbir harytlar, Ýewropa bilen deňeşdirilende, Azerbaýjanda gymmat.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG