Sepleriň elýeterliligi

“Şükür bagşyny” janlandyran


(çepden-saga) Režissýorlar Hojaguly Narlyýew, Elga Lindina, Bulat Mansurow we Konstantin Şerbakow Gyrgyzystandaky duşuşykda, 16-njy noýabr, 2010-njy ýyl.

(çepden-saga) Režissýorlar Hojaguly Narlyýew, Elga Lindina, Bulat Mansurow we Konstantin Şerbakow Gyrgyzystandaky duşuşykda, 16-njy noýabr, 2010-njy ýyl.

Türkmen sungatynyň özboluşly taryhy ýoly bar. Şol ýollaryň arasynda kino sungaty aýratyn orun tutýar. Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda diňe Türkmenistanyň çäginde däl, eýse beýleki goňşy döwletleriň arasynda-da türkmen kinoçylarynyň döreden “Aýgytly ädim”, “Şükür bagşy” filmleri uly abraýa eýe bolupdy. Şol döwrüň kinotankytçylary “Şükür bagşy” filmini filosofiki dilde döredilen täze eser hökmünde kabul edipdiler. Biz häzire çenli-de bu filme tomaşa edýäris, ony gaýtalap görmekden ýadamaýarys. Bu hem onuň beýikligindendir.

Bulat Mansurow
Ýyllar kerwen kimin geçip dur. SSSR-iň dargamagy biziň durmuşymyzyň belli bir bölegine ruhy göýdükligi saldy. Biz kenardan daşlaşan ýelken kimin gözýetmez ummana uçradyk. Köneden gelýän medeni gatnaşyklarmyzdan aýra düşdük. Ine, üstümizdäki aýyň 11-ne Moskwadan gowşan habarda meşhur kinorežissýor Bulat Bogautdinowiç Mansurowyň 74 ýaşynda aradan çykandygy aýdyldy. Emma Türkmenistanda bu hakynda asla habaram berilmedi. Hamala, bu adamyň türkmen iline degişli ýeri ýok ýaly... Bulat Mansurow belli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powestini ekranlaşdyran türkmen režissýorydyr.

Öz aramyzda biz halypa režissýora Polat aga diýip, ýüz tutardyk.

Bulat Mansurow 1937-nji ýylyň 7-nji iýulynda öňki Çärjew şäherinde dogulýar. Ol ilki sazçylyk bilen meşgullanýar. Professional sazanda bolup işleýär. Onuň saza bolan ukyby, özüniň ilkinji goýan “Şükür bagşy” filminde kompozitor Nury Halmämmedow bilen tapyşyp, işleşmegine getirýär. Nury Halmämmedow bu filme saz döreden wagty Moskwanyň sazçylyk konserwatoriýasynyň iň soňky kursunda okaýardy.

Nury Halmämmedow we “Şükür bagşy” filmi (“Türkmenfilm” tarapyndan taýýarlanan dokumental filmden bölek)


60-njy ýyllaryň başlarynda, ýurtda syýasy režimiň ýumşan döwürleri, Bulat Mansurow hem döredijilik gözleginde bolýar. Ol 1963-nji ýylda Moskwanyň Bütinsoýuz döwlet kinematografiýaçylar institutynyň professory Sergeý Gerasimowyň we Tamara Makarowanyň režissýorlyk edýän bölümini tamamlaýar. Şol ýylam diplom işi hökmünde gysga metražly “Şükür bagşy” filmine başlaýar. Bu filme şol instituty ýaňy tamamlan Hojaguly Narlyýew operatorçylyk edýär. Filmiň köp bölegi Täjigistanda surata düşürilýär. Haçanda filmiň surata düşürilen kinolentalaryny barlag hökmünde syn edende, Sergeý Gerasimow oňa gaty uly baha berýär we filmi doly metražly edip tamamlamaga rugsat edýär. Gysga metražly filmden doly görnüşe geçmek maddy çykdajylary talap edýärdi. Şeýle-de bolsa Bulat Mansurowyň halypasy Sergeý Gerasimow Türkmenistanyň şol wagtky kino ýolbaşçylaryna täsir edip, filmiň doly tamalanmagyny gazanýar.

Bulat Mansurow filmiň baş gahrymanlarynyň rollaryny professional bolmadyk adamlara ynanýar. Şükür bagşynyň roluny matematika mugallymy A.Handurdyýew oýnasa, onda Gulam bagşyny hormatly dynç alyşda gezip ýören öňki oba milisioneri H.Öwezgelenow janlandyrýar. Artistçilikden daşda duran adamlara jogapkärli rollary ynanmagyň hem özüçe syry bardy. Eger Şükür bagşynyň keşbini döreden Aman Handurdyýew, ökde dutarçy sazanda bolan bolsa, onda Hojaw Öwezgelenow oglanka hakyky Şükür bagşynyň elinde tälim alandy.

Wideo: "Şükür bagşy" filminden bölek



1986-njy ýylda “Mir” kinokonsert zalynda Türkmenistanyň halk artisti Hojaguly Narlyýewiň 50 ýaş toýy geçirilýärkä, Bulat aga öz kärdeşini gutlap, Hojaw Öwezgelenowyň öň özüne ýadygärlik beren Şükür bagşynyň asyl dutaryny sowgat beripdi. Şonda Bulat aga şeýle sözleri aýdypdy: “Birnäçe ýyl mundan öň meniň ilkinji filmimde Gulam bagşynyň roluny ýerine ýetiren Hojaw Öwezgelenow maňa Şükür bagşynyň dutaryny ýadygärlik beripdi. Bu dutar, ine, ençeme ýyl bäri meniň Moskwadaky jaýymda dur. Öz ýanymdan kän pikir etdim, “bu dutar, türkmen topragynda durmaly”, şonuň üçin, şu gün men bu dutary Türkmenistana gaýtarýan. Dostum Hoja, goý, bu dutar sende dursun”. Şeýdip, Şükür bagşynyň asyl dutary aýlanyp-dolanyp, ýene türkmen topragyna geldi.

60-njy ýyllaryň ortalarynda Bulat Mansurow ýurtda ýarym gadagan edilen rus ýazyjysy Andreý Platonowyň türkmen topragyna bagyşlap ýazan “Takyr” atly hekaýasyny surata düşürýär. Bu film “Gyrnak” ady bilen ekrana çykýar. Emma syýasy ideologiýanyň basyşy zerarly “Gyrnak” filmi tomaşaçylara doly ýetirilmeýär. Sebäbi bu filmde Eýrandan alamançylyk bilen getirilen gyrnagyň durmuş ýoly, onuň gyzy Jumal hakynda we Birinji jahan urşunda ruslara ýesir düşen awstriýaly esgeriň ykballary barada gürrüň edilýärdi.

Soňra Polat aga Garagum kanalyna bagyşlanyp ýazylan senari esasynda iki bölümden ybarat filmini döredýär. Bu film “Suwsuzlygyňy gandyrmak” ady bilen tomaşaçylara ýetirilýär. Filmde esasy rolda belli sowet artisti Petr Aleýnikow çykyş edipdi.

1971-nji ýylda Bulat Mansurow ýazyjy Seýitnyýaz Ataýewiň eseri esasynda Beýik Watançylyk urşuna bagyşlap ýazan “Ölüm ýokdur, oglanlar!” diýen filmini surata düşürýär. Bu film türkmen topragyndan watany goramaga giden gerçekleriň gahrymançylygy hakynda, ylaýtada halk arasynda ýaýran “General Mämmet Änewliniň başdan geçirenleri” barada gürrüň edilýärdi. Filmde belli artistler Artyk Jallyýew, Akmyrat Bäşimow, Ýewgeniý Žarikow, Şamuhammet Akmuhammedow we başga-da belli ussatlar çykyş edipdiler.

Bulat Mansurowyň döredijilik ýoly diňe türkmen kino sungaty däl, eýse goňşy gazak kino sungaty bilen hem baglanşykly. Ol gazak kinostudiýasynda işlän döwürleri “Soltan Beýbars” atly taryhy filmini surata düşürýär. Bu filmde gazak artistlerinden başga-da, Polat aga türkmen artistlerini hem çagyrýar. Türkmenistanyň halk artistleri Artyk Jallyýew we Nury Allaberdiýew filmde ýatdan çykmajak obrazlary döredýärler.

Polat aga diňe režissýorlyk etmän, eýse birnäçe filmleriň senarilerini hem ýazýar. 1990-njy ýyllaryň başlarynda ol Moskwadaky Kinoçylar institutynda kinorežissýorlyk hünärinden sapak berýär. Türkmen ýigitleriniň arasynda onuň sapagyny alyp, halypanyň ýoluny ýöredýän režissýorlardan Kyýas Aşyrydyr. Ol häzir Kanadada ýaşaýar we kino sungaty pudagynda işleýär.

Bulat Mansurow
90-njy we soňraky ýyllarda Türkmenistanda kino sungatynyň üstünden atanak çekilende, köp türkmen kino işgärleri iş gözläp, Moskwa giderdiler. Bulat Mansurow olaryň köpüsine atalyk howandarlygyny edipdi.

2000-nji ýyllaryň başlarynda saý-sebäp bilen Moskwa baranymyzda, sorag-ideg edip, Polat aganyň işleýän ýerine gelipdik. Ol ruslaryň belli artistleri Leonid Kurawlýow, Wasiliý Lanawoý we beýleki artistler bilen nobatdaky bir uly taryhy filmi surata düşürip ýördi. Biz onuň kömekçisine Türkmenistandan gelendigimizi we Polat aga bilen duşuşmakçydygymyzy aýtdyk. Ol režissýoryň wagtynyň ýokdugyny duýduryp, ýöne biziň gelenimizi oňa ýetirjegini aýtdy. Biz Polat aga köp wagt garaşmaly bolarmykak öýtdük, emma birden gapy açylyp, ýanymyza Polat aga geldi. Biz onuň bilen türkmençe salamlaşdyk. Polat aga bizi bir otaga saldy. Biz oňa: “Polat aga bagyşlaň, siziň işiňiz köpdür. Bolmasa, biz soňrak işden soň geläýeli” diýenimizde, ol ýylgyrdy-da: “Men şol orslaryň belli artistlerine “Siz çilimleriňizi çekiberiň, meniň ýanyma türkmen doganlarym gelipdir” diýip düşündirdim” diýdi. Bu sözden soň, biz köp gürrüň etdik. Polat aga diňe türkmen kinosynyň däl, eýse türkmen halkynyň durmuşynda görýän sütemlerine gaty gynanýandygyny bildirdi.

Şol duşuşygymyzdan soň, Bulat Mansurowy görmesem-de, onuň döredijilik işleri bilen ýakyndan habarlydym. Ol Eýzenşteýn adyndaky Halkara kinofondunyň prezidenti bolup işleýärdi. Polat aga ömrüniň soňky ýyllarynda Bulgar tatarlarynyň taryhy hakynda köp bölümden ybarat filmini surata düşürdi.

Daş ülkede ýaşasa-da, Bulat Mansurowyň ýüregi Türkmenistandady. Onuň döreden işleri türkmen sungatynyň taryhynda elmydama ýaşar.

Ýatan ýeriň ýagty bolsun Polat aga...

Sahy Nurnazar türkmenistanly sungat işgäriniň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG