Sepleriň elýeterliligi

Doktorym, nirä barýarsyň?!


Hojamedow: "Baglaryň guradylyp-guradylmaýanyna prokurorlar gözegçilik edip durýarlar".

Hojamedow: "Baglaryň guradylyp-guradylmaýanyna prokurorlar gözegçilik edip durýarlar".

«Bag — durmuşyň bezegi» diýýärler. Örän dogry aýdylan söz. Eger Ýer şaryny bagsyz göz öňüne getirsek, ol nähili gelşiksiz görnerdi! Depesine ýeke tüý çykmadyk kel ýaly bolmazmy!

Bagyň ýaşaýşyň özenidigi hakda, onuň adamzada iň bir gerekli bolan kislorody bölüp çykarýanlygy hakda biz kän okadyk ahbeti. Baglardan miwe üzüp iýen halatymyz biz özümizi nähili şähdaçyk duýýarys! Baglaryň kölegesinde saýalan halatymyz janymyza lezzet goşulýar! Şeýle bolansoň, bag adamlaryň ýüreginde söýgüden başga zady oýaryp bilermi?!

Dogry hereket edilmedik halatda durmuşda her bir zat adamlaryň ýüreginde erbet duýgy oýaryp biljek eken. Şeýle ýagdaý bag bilen bagly hem ýüze çykdy. Häzirki döwürde «bag» sözüni eşitseler, türkmenleri, hut garaguşagyry keselleri bar ýaly, sandyrama basyberýär. Munuň sebäbi eýýäm köplere aýan. Hatda dünýä aýan diýsegem, ýalňyşmasak gerek.

Ýurtda bag ekmek iň zerur işe öwrüldi. Dünýä belli açyş etjek alymyň döremegi hökman däl, talypdyr mekdep okuwçylarynyň gowy okadylmagy, gowy okamagy hökman däl. Agyr ýagdaýda keselhana düşen näsagy çalt operasiýa etmek hökman däl, bag ekmek welin — hökman! Hatda iň derwaýys, gaýragoýulmasyz iş.

Bag ekmek Türkmenistanyň Garaşsyzlygy ýyllary içinde halkyň başyna atylan boýuntryk boldy. Şol boýuntrykdan diňe işden, okuwdan kowlup sypyp bolýar.

Bag ekmek bilen oýun etmek bolmaýar. Baglaryň guradylyp-guradylmaýanyna prokurorlar gözegçilik edip durýarlar. Köpler telewizor arkaly tomaşa edendirler, öz uniwersitetlerine degişli ýerde baglaryň birnäçesiniň guramagyna ýol bereni üçin arada Oba hojalyk uniwersitetiniň rektory işinden kowlupdy.

Ine, şu zatlardan görnüşi ýaly, Türkmenistanda bag ekişligi bilen oýun edip bolmaýar. Ekmelimi — ekmeli. Ýigrimi ýyl bäri ekilýän baglar Eýran serhedine ýetip barýar.

Doktorlara çenli bag ekişlige gitmeli. Daňdandan iş wagty gutarýança näsaglara seredip ýadan lukmanlara işden soň öýe gaýdyp dynç alma ýok. Ine, bahar hem ýetip geldi. Ýazdyr-tomsy bilen baglar suwarylmaly. Her kim özüne berkidilen ýeriň bagyny guratmaly däl. Şahsy maşynlary bolan doktorlar gazly suwlardan boşan baklaşkalary çöpläp, suwdan dolduryp, öz maşynlary bilen gidip, baglary suwarýarlar. Şahsy maşynlary bolmadyklar suwly baklaşkalaryny awtobus bilen äkidip, bag suwarmaly.

Eger ülkäni bagy-bossanlyga öwürmek maksady öňde goýulýan bolsa, munuň üçin meýdanlara ekiljek baglary ýetişdirip berýän «Gökguşak» jemgyýetine işgär hem alyp bolardy. Şeýdilende näçe adama iş orny bolardy. Bag üçin doktorlary, prokurorlary, rektorlary, mugallymlary heläk edip ýörmek nämä gerek? Ýylda bir sapar ýowar etmek arkaly «Gökguşak» jemgyýetine kömek hem berlip bolar. Rektorlardan talyplara ýokary bilim bermek talap edilmeli, doktorlardan näsagy bejermek talap edilmeli, prokurorlar jenaýatkärlere temmi berlişine gözegçilik etmeli. Daglaryň etegindäki baýyrlaryň üstüne — suwsuz-sölsüz ýerlere ekilýän baglar üçin ýurduň ýüzüniň tuwagy bolan işgärleri süýremek nämä gerek?!

Ýöne Türkmenistanda bag durmuşy bezemek üçin däl-de, halky kösemek, başagaý etmek üçin ekdirilýäne meňzeýär.

Döwlet Hojamedow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG