Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO: Owganystandaky Talybanyň öňe gidişligi togtadyldy


Owganystandaky Halkara koalisiýa güýçleriniň komanduýuşisi, Birleşen Ştatlaryň generaly Deýwid Petreusyň aýtmagyna görä, NATO güýçleri Owganystanda Talyban söweşijileriniň öňe gidişligini togtadypdyrlar. Bu barada general Petreus Waşingtonda, Amerikan Kongressiniň komitetinde çykyş etdi.

General Petreus Owganystandaky ýagdaýlaryň henizem dartgynlydygyny, gazanylan üstünlikleriň ygtybarly däldigini hem nygtady.

Sişenbe güni Owganystanyň Kunar welaýatynda, Halkara güýçleriniň howa hüjümi sebäpli, 10 we 15 ýaşyndaky iki çaga ýalňyşlyk bilen öldürilipdi.

Ýurduň prezidenti Hamid Karzaý bu waka bilen bagly general Deýwid Petreusyň soran ötünjini kabul etmändi.

Bu wakadan birnäçe hepde ozal hem Owganystandaky howa hüjüminde ýalňyşlyk bilen dokuz çaga öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG