Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaddafiniň güýçleri Misurata şäherine hüjüm etdiler


Liwiýanyň baştutany Muammar Kaddafiniň güýçleriniň çarşenbe güni gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki Misurata şäherine artilleriýa hüjümlerini amala aşyryp başlandyklary habar berilýär.

Häzire çenli gowşan maglumata görä, bu hüjümde dört adam ölüpdir.

Kaddafä ygrarly güýçler gozgalaňçylaryň karargähi bolan Bengazi şäherine hem barha golaýlaşýarlar.

Muammar Kaddafiniň ogly Saif al-Islam BMG-niň Liwiýanyň howa giňişligi arkaly uçuş gadaganlygyny girizmek rezolýusiýasy barada şeýle diýdi: "Harby operasiýalar tamamlandy. 48 sagadyň içinde ähli zat gutarar. Biziň güýçlerimiz Bengaziniň bosagasynda dur. Karar näme bolsa-da, bu eýýäm gaty giç bolar”.
XS
SM
MD
LG