Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň sudy amerikan raýatyny azatlyga goýberdi


Çarşenbe güni Pakistanyň sudy Birleşen Ştatlaryň aňtaw gullugynyň şertnamalaýyn işgäri Reýmond Deýwisi azatlyga goýberdi. Deýwis iki pakistanlyny öldürmekde aýyplanýardy.

Punjab welaýatynyň hukuk ministri Rana Sanaullahyň aýtmagyna görä, şerigat kanunlaryna laýyklykda ölenleriň maşgalalaryna hun tölenenden soň, Deýwis azatlyga goýberilipdir. Hunuň mukdary 2 million dollardan gowrak möçbere barabar.

Mundan öň, çarşenbe güni Lahor şäheriniň sudy Reýmond Deýwise resmi taýdan aýyplama bildiripdi.

36 ýaşly Deýwis 27-nji ýanwarda iki pakistanlyny atyp öldüripdi. Onuň bellemegine görä, ol özüni gormak maksady bilen ot açypdyr.

Birleşen Ştatlaryň resmileri Deýwisiň diplomatik el degrilmezlik statusynyň bardygyny nygtap, onuň boşadylyp, Amerika ugradylmadygyny soraýardylar.

Bu baradaky dawa Waşington bilen Yslamabadyň özara gatnaşyklaryny sarsdyrdy.

Birleşen Ştatlaryň terrorizm bilen göreşinde Pakistan Amerikanyň möhüm ýarany.
XS
SM
MD
LG