Sepleriň elýeterliligi

Ýemende protestçiler dargadylanda onlarça adam ýaralandy


Ýemeniň demirgazyk port şäheri Al-Hudaýdahda ýurduň howpsuzlyk güýçleri protestçileri dargatmak üçin göz ýaşarydjy gazy ulananda we ýaraglardan ot açanda onlarça adam ýaralanypdyr.

Şaýatlaryň aýtmagyna görä, haçan-da hökümetiň tarapdarlary protestçilere daş bilen hüjüm edende polisiýa iki tarapyň arasyna goşulypdyr.

Ýemende prezident Ali Abdullah Salehiň häkimiýetden gitmegini talap edip protestler geçirilýär. Bu protestlerde dörän çaknyşyklarda azyndan 40 adamyň ölendigi hem habar berilýär.
XS
SM
MD
LG