Sepleriň elýeterliligi

Bahreýniň paýtagty Manamada protestçiler güýç bilen dargadyldy


Bahreýniň paýtagty Manamada esgerler we howpsuzlyk güýçleri protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazy we harby ulaglary ulandylar.

Dörän çaknyşyklarda azyndan iki protestçiniň we iki polisiýa işgäriniň ölendigi habar berilýär.

Bahreýnde ençeme hepde bäri hökümete garşy protestler geçirilýär. Protestçileriň aglabasy şaýy musulmanlary.

Ýurduň resmileri merkezi Manamada komendant sagadyny girizdiler. Ýurtda köpçülikleýin ýygnanyşyklar we demonstrasiýalar gadagan edildi.

Sişenbe güni Bahreýniň patyşasy ýurtda üç aýlyk adatdan daşary ýagdaýy yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG