Sepleriň elýeterliligi

Ženewada Türkmenistandaky adam hukuklaryna garaldy


Ženewada adam hukuklary we demokratiýa boýunça Sammit geçirilýär. Öz işine sişenbe güni başlan bu sammite 500 töweregi adam gatnaşýar.

Sammitiň ilkinji gününde Demirgazyk Afrika döwletlerinde, Kubada, Demirgazyk Koreýada, Hytaýda, Eýranda we Türkmenistanda ýüz berýän ýagdaýlar barada maslahat edildi diýip, adam hukuklary boýunça “Türkmen hronikasy” neşiri habar berýär.

Bu Sammitde adam hukuklary boýunça "Türkmen inisiatiwasy" toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin hem çykyş etdi. Ol hususan-da Türkmenistandaky adam hukuklarynyň bozulmalary barada gürrüň etdi.
XS
SM
MD
LG