Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada 5,500-e golaý türkmen studenti okaýar


Ukrainada okaýan daşary ýurtly studenleriň sany boýunça türkmenler ikinji orunda dur.

Gazeta.ua Internet neşiriniň ýazmagyna görä, Ukrainanyň bilim we ylym, ýaşlar we sport ministri Dmitriý Tabançik ýurtda rekort derejede 48,000 töweregi daşary ýurtly studentleriň okaýandygyny aýdypdyr.

Onuň berýän maglumatyna görä, Ukrainada 134 ýurtdan studentler okaýar. Munuň bilen baglylykda, birinji orunda 6,000-e golaý studenti bilen Hytaý dur.

Ukrainadaky türkmen studentleriniň sany ikinji orunda. Olaryň sany 5,500-e golaý diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG