Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan we Azerbaýjan bilelikde täze gazgeçiriji gurarlar


Türkmenistan, Azerbaýjan we Ýewropa Bileleşigi täze gazgeçirijini gurmak boýunça ylalaşdylar. Bu barada “Interfaks Azerbaýjan” gullugy habar berýär.

Azerbaýjanyň senagat we energetika ministri Natik Alyýewiň aýtmagyna görä, Baku bilen Aşgabat iki ýurdy birleşdirjek gazgeçirijini gurmak baradaky ylalaşygy taýýarmak boýunça ylalaşypdyrlar.

Iki dokumentden ybarat ylalaşygyň taýýarlanmagyna ÝB-niň ekspertleri, Azerbaýjanda iş alyp barýan daşary ýurt kompaniýalarynyň we azeri SOCAR kompaniýasynyň wekilleri hem gatnaşarlar.

Ministriň žurnalistlere aýtmagyna göra, dokumentleriň biri “Günorta koridor” gaz proýekti boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we ÝB-niň pozisiýasyny beýan edýän syýasy deklarasiýa bolar.

Ikinji dokumentde täze gazgeçirijiniň gurluşygy we onuň işläp başlamagy boýunça Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň borçlary görkeziler.

Azeri ministriniň aýtmagyna göra, bular barada ýakynda Germaniýanyň Frankfurt şäherinde geçirilen duşuşykda ylalaşylypdyr.

Şol duşuşyga ÝB-niň energiýa boýunça komissary Günter Öttinger we türkmen resmileri hem gatnaşdylar diýlip, habar berilýär.

Hazaryň tebigy gazyny Ýewropa akdyrmagy göz öňünde tutýan “Nabukko” proýekti hem “Günorta koridor” proýektiniň bir bölegi bolup durýar.
XS
SM
MD
LG