Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Aziýa ösüş banky Türkmenistana karz pul berýär


“Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýoly” Türkmenistany Gazagystanyň üsti bilen Orsýet we Hytaý bilen, Eýranyň üsti bilen bolsa Pars aýlagyndaky ýurtlar bilen baglanyşdyrar.

“Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýoly” Türkmenistany Gazagystanyň üsti bilen Orsýet we Hytaý bilen, Eýranyň üsti bilen bolsa Pars aýlagyndaky ýurtlar bilen baglanyşdyrar.

15-nji martda Aziýa ösüş bankynyň ýaýradan metbugat beýanatynda bu bankyň ilkinji gezek Türkmenistana 125 million dollarlyk karz pul berýändigi aýdyldy.

Bu kreditiň “Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýolunyň” Türkmenistana degişli böleginde elektrik, aragatnaşyk, telekommunikasiýa sistemalarynyň gurluşygyna niýetlenip berlendigi aýdylýar. Bu proýekt Türkmenistany Gazagystanyň üsti bilen Orsýet we Hytaý bilen, Eýranyň üsti bilen bolsa Pars aýlagyndaky ýurtlar bilen baglanyşdyrar.

Bu proýektiň Türkmenistana degişli demir ýol böleginiň gurluşygynyň Yslam ösüş bankyndan we eýranly “Pars energy” kompaniýasyndan alnan kredit serişdeleri bilen maliýeleşdirilýändigi habar berilýär.

2011-nji ýylyň fewral aýynda Aziýa ösüş bankynyň wise-prezidenti Şiaýo Žaonyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa iş sapary bilen Türkmenistanda boldy. Bu saparyň barşynda bankyň delegasiýasy “Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýoluň” gurluşygynyň gidişi bilen tanyşdy.

Aziýa ösüş bankynyň proýektler boýunça wekili Şakeel Khanyň metbugat beýanatynda bellemegine görä, bu demir ýol marşruty bilen regionda nebit, oba-hojalyk we tekstil önümleri ýaly harytlary daşap, söwda-satygyň ösmegine itergi berip bolar.

Bu proýekt Merkezi Aziýanyň harytlaryny Pars aýlagynyň portlaryna ýetirmek üçin häzir ulanylýan transport ýoluny 600 kilometre çenli gysgaldyp biler diýlip, Aziýa ösüş bankynyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

“Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýoluň” Türkmenistanyň territoriýasyndan geçýän “Gyzylgaýa-Bereket-Etrek” böleginiň ugrunda Bereket hem Serhetýaka atly täze demirýol stansiýalarynyň gurlup başlanandygy barada hem habar berilýär.

Proýektiň bähbidi

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew “Demirgazyk-Günorta demir ýolunyň” Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin örän bähbitli boljakdygyny aýdyp, onuň goşmaça iş ýerlerini hem döredip biljekdigini nygtady. Ýurtda korrupsiýanyň gülläp ösendigini belläp, ýazyjy hökümet tarapyndan bu proýektiň gurluşygy üçin berilýän serişdeleriň ýerlikli sarp edilmegine gözegçilik etmegiň möhümdigini tekrarlady.

Türkmenistanyň maliýe ulgamynda uzak wagtlap işlän, häzir Bolgariýada ýaşaýan türkmen ykdysatçysy Annadurdy Hajyýew şeýle proýektleri amala aşyrmaga Türkmenistanyň öz serişdeleriniň ýeterlikdigini aýdyp, yurda kredit, karz almak zerurlygynyň ýokdugyny öňe sürýär.

Şeýle hem ykdysatçy döwlet býujetinden sarp edilýän serişdeleriň myhmanhanalaryň gurluşygyna däl-de, “Demirgazyk-Günorta demir ýoly” ýaly ýurduň ykdysadyýetine bähbitli proýektlere, infrastrukturanyň döwrebaplaşdyrylmagyna sarp edilmelidigini nygtaýar.

Ykdysatçy Hajyýew Aziýa ösüş bankyndan alnan kreditiň gowy tarapyny bolsa, şeýle halkara maliýe guramalaryň, adatça, aç-açanlygy talap edýänliginde görýandigini aýdýar.

“Elbetde, sarp edilen serişdeleriň jikme-jik hasabatyny türkmen häkimiýetleriniň özleri talap etmeli. Ýöne Türkmenistanyň ýagdaýynda beýleki bir tarapyň hasabat berilmegi, aç-açanlygy talap etmegi hem gowy zat” diýip, ykdysatçy Hajyýew aýdýar.

Aziýa hem Ýuwaş okeany sebtinde garyplygyň derejesini peseltmek ugrunda hereket edýän Aziýa ösüş bankynyň düýbi 1966-njy ýylda tutuldy. Türkmenistan bu bankyň agzalygyna 2000-nji ýylda kabul edildi. Ol 67 agza ýurduň içinde paýdarlyk derejesi boýunça 34-nji orunda durýar.

Bankyň 125 million dollarlyk kredit boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan proýektiniň 2012-nji ýylyň sentýabrynda tamamlanmalydygy barada Aziýa ösüş bankynyň beýanatynda bellenýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG