Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň prezidenti iş maslahatyny geçirdi


Çarşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň başlygynyň käbir orunbasarlary bilen iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatda Aşgabatda we bütin ýurtda amala aşyrylýan uly möçberli gurluşyk işleri we ilaty ösen ýaşaýyş şertleri bilen üpjün etmek baradaky meselelere garaldy.

Prezident wise-premýerleriň edilen işler baradaky hasabatlaryny diňläp, welaýatlary baglaýan gara ýollary döwrebaplaşdyrmaga ünsi güýçlendirmegi tabşyrdy diýip, türkmen mediasy habar berdi.
XS
SM
MD
LG