Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň we Belarusyň resmileri duşuşyk geçirdi


Çarşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň we Belarusyň daşary işler ministrlikleriniň özara maslahaty boldy. Oňa Belarusyň daşary işler ministriniň orunbasary Igor Petrişenko gatnaşdy diýip, türkmen mediasy habar berdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, maslahatda özara hyzmatdaşlyk, öň baglaşylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek barada gürrüň edildi . Ylaýtada, söwda-ykdysady, medeni we gumanitar gatnaşyklara uly üns berildi .

Resmiler GDA-nyň çägindäki hyzmatdaşlygy hem maslahatlaşdylar.
XS
SM
MD
LG