Sepleriň elýeterliligi

Birleşen Ştatlar Bahreýndäki zorluklara alada bildirýär


Çarşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Saud Arabystanynyň patyşasy Abdullany we Bahreýniň patyşasy Hamady Bahreýnde şaýylaryň ýolbaşçylyk edýän protestleriniň basylyp ýatyrylmagyna çuňňur alada bildirmäge çagyrdy.

Ak Tamyň metbugat wekili Jeý Karneýiň aýtmagyna görä, prezident Obama Bahreýndäki bidüzgünçilige çuňňur gynanjyny bildirdi we ýokary sowukganlylygyň gerekdigini belledi.

Mundan ozal Amerikanyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Aýlak hyzmatdaşlyk geňeşiniň söweşijileriniň Bahreýnde ýerleşdirilmegini ýazgardy.

Çarşenbe güni Manamanyň merkezi meýdançasyna proteste çykanlara garşy esgerler we ýol polisiýasy gözden ýaş akdyryjy gaz ulandylar. Bu wakalarda azyndan 5 adamyň ölendigi habar berildi.

Häkimiýetler Manamada ähli jemgyýetçilik ýygnanyşyklaryny we demonstrasiýalary gadagan etdiler.

Bahreýniň patyşasy ýurtda 3 aýlyk adatdan daşary ýadgaýy yglan etdi.
XS
SM
MD
LG