Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň öňki resmilerine garşy sud işi başlanar


Gyrgyzystanyň öňki ýokary derejeli 28 sany resmisine garşy sud işi 18-nji martda täzeden başlanar.

Ýokary suduň metbugat wekili Baktybek Rysaliýewiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu sud Bişkekde bolar.

Öňki prezident Kurmanbek Bakyýewe we onuň kömekçilerine garşy sud geçen ýyl başlandy. Olar geçen ýylyň 7-nji aprelinde hökümete garşy proteste çykan ýaragsyz adamlara ot açanlykda ýa-da ot açmaga buýruk berenlikde aýyplanýarlar.

Häzir Belarusda ýaşaýan Bakyýew, onuň dogany, bir ogly we beýlekiler gaýybana sud edilýärler.

Geçen ýylyň 7-nji aprelinde Bişkekde bolan çaknyşyklarda azyndan 86 adam öldi we başga-da ýüzlerçe adam ýaralandy.
XS
SM
MD
LG