Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň premýeri Erdogan Tatarystana sapar etdi


Çarşenbe güni Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Tatarystana sapar etdi.

Türkiýäniň berýän maglumatyna görä, Erdogan Tatarystanyň prezidenti Rüstem Minnihanow bilen gepleşik geçirdi.

Türkiýäniň we Tatarystanyň arasynda berk medeni hem taryhy gatnaşyklar bar. Olaryň özara söwda dolanyşygy 1,37 milliard amerikan dollaryna deň diýip, "Itar Tass" agentligi habar berýär.

Rejep Taýyp Erdogan Tatarystana Moskwa saparyndan soň bardy. Ol Moskwada Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew we premýer-ministri Wladimir Putin bilen gepleşikler geçirdi.
XS
SM
MD
LG