Sepleriň elýeterliligi

Timoşenko Ukrainadan çykmaga rugsat berildi


Ukrainanyň Baş prokuraturasy öňki premýer-ministr we oppozisiýa liderleriniň biri Ýuliýa Timoşenkonyň ýurtdan çykmagyna rugsat etdi.

Baş prokuraturanyň metbugat gullugynyň beren habaryna görä, Timoşenko Ýewropanyň halk partiýasynyň Sammitine gatnaşmak üçin Brýussele gitmäge rugsat berilmegini sorady. Onuň haýyşy ýerine ýetirildi.

Ýuliýa Timoşenko premýer-ministr bolan döwründe wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanandygy baradaky jenaýat işi boýunça derňew geçirilýändigi üçin öň Ukrainany terk edip bilmeýärdi.
XS
SM
MD
LG