Sepleriň elýeterliligi

Sanada ýüzleri maskaly adamlar protestçilere hüjüm etdiler


Öten agşam Ýemeniň paýtagty Sanada ýüzleri maska bilen örtülen adamlaryň topary protestçileriň üstüne hüjüm etdiler.

Şaýatlaryň aýtmagyna görä, hüjümçiler taýaklar, pyçak we pistoletler bilen ýaraglanypdyrlar.

Bu hüjümde azyndan bäş adamyň ölendigi habar berilýär.

Ýemende prezident Ali Abdullah Salehiň häkimiýetden gitmegini talap edip, protestler geçirilýär. Protestler başlanaly bäri azyndan 40 adamyň ölendigi aýdylýar.

Çarşenbe güni ýurduň howpsuzlyk güýçleri Al-Hudaýdah şäherinde protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulananda onlarça adam ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG