Sepleriň elýeterliligi

logo-print

BMG-niň wekili Bahreýndäki ýagdaýlara alada bildirýär


Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça ýokary derejeli resmisiniň aýtmagyna görä, oňa Bahreýnde eden-etdilikli ýagdaýda protestçileriň we keselhana işgärleriniň tussag edilendigi, urlup-ýenjilendigi we öldürilendigi barada “hopukdyryjy” habarlar gowşupdyr.

Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça Baş komissary Neýwi Pillaý Bahreýnde “keselhanalara bikanun ýagdaýda hüjüm edilmegi” boýunça hem alada bildirdi.

Çarşenbe güni Bahreýn Patyşalygynda ýurduň howpsuzlyk güýçleri protestçileri dargatmak üçin tankalary we wertolýotlary ulandylar.

Eýranyň ýerli telewideniýesiniň aýtmagyna görä, Tähran protestleriň basylyp ýatyrylmagyna garşy özüniň Bahreýndäki ilçisini yzyna çagyrypdyr.

Bahreýnde syýasy reformalary talap edip, ençeme hepde bäri protestler geçirilýär. Protestçileriň aglabasy şaýy musulmanlary.
XS
SM
MD
LG