Sepleriň elýeterliligi

Çempionlar Ligasynyň nobatdaky duşuşygy Nýonda geçiriler


Çempionalar Ligasynyň çärýek finalyna gatnaşjak soňky iki futbol komandasy hem belli boldy.

Çarşenbe güni Ispaniýanyň “Real Madrid” topary Fransiýanyň “Leon” toparyndan 3:0 hasaby bilen üstün çykmagy başardy. Bu “Real Madrid” toparynyň 2004-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Çempionlar Ligasynyň çärýek finalyna çykyşy boldy.

Londonyň “Çelsi” komandasy bilen “Kopengagen” toparynyň çarşenbe günündäki duşuşygy 0:0 hasaby bilen gutardy. Bu iki komandanyň ilkinji duşuşygynda “Çelsi” “Kopengageni” 2:0 hasaby bilen ýeňipdi.

Çempionlar Ligasynyň nobatdaky duşuşyklarynyň bije atyşlygy ertir UEFA-nyň Nýondaky ştab kwartirasynda geçiriler.

Ýewropanyň iň güýçli futbol klublarynyň ýaryşynyň çärýek finalyna "Real Madrid" we "Çelsi", başga-da Italiýanyň "Interi", Ispaniýanyň "Barselonasy", Angliýanyň "Mansçester Ýunaýtedi" we "Tottenhemi", Germaniýnayň "Şalke" we Ukrainanyň "Şahteri" gatnaşýarlar.
XS
SM
MD
LG