Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG Aşgabatda energiýa diplomatiýasy boýunça seminar geçirýär


Penşenbe güni Aşgabatda ÝHHG-niň goldamagynda energiýa howpsuzlygynyň berkemegine energiýa diplomatiýasynyň we halkara hyzmatdaşlygynyň hemaýaty boýunça iki günlik seminar öz işine başlady.

Bu seminar ÝHHG-niň Aşgabatdaky edarasy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we düýbi Wenada ýerleşýän ÝHHG-niň ykdysady we daşky gurşaw işlerini koordenirleýän býuro tarapyndan gurnaldy.

Seminara nebit-gaz, energiýa, ykdysadyýet we maliýe pudagynyň 25 töweregi wekili gatnaşýar.

Seminaryň dowamynda energiýa strukturasynyň mümkin bolan transformasiýasy we dünýä ykdysady krizisiniň energiýa bazaryna ýetirýän täsiri baradaky meselelere hem serediler.
XS
SM
MD
LG