Sepleriň elýeterliligi

NATO: Liwiýa interwensiýa etmek heniz hem giç däl


NATO-nyň Baş sekretary Anders Fogh Rasmusseniň bellemegine görä, Liwiýa interwensiýa etmek henizem giç däl.

Rasmussen köp zadyň Birleşen Milletler Guramasyna bagly bolup durandygyny hem sözüne goşdy.

Liwiýanyň howa giňişligi arkaly uçuş gadaganlygyny girizmek teklibini goldaýan taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşine penşenbe güni bu teklip bilen baglylykda ses berişlik geçirmäge çagyryş etdiler.

Britaniýa, Fransiýa we Arap Ligasy Liwiýanyň howa giňişligi arakly uçuş gadaganlygyny girizmek boýunça Howpsuzlyk Geňeşine çagyryş edip gelýärler.

Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Sýuzan Raýs Liwiýanyň parahat ilatyny goramak çäreleri diňe bir howa giňişligi arkaly uçuş gadaganlygy bilen çäklenmän biler diýdi.

Emma Orsýet bilen Hytaý Liwiýa garşy islendik harby interwensiýa garşy çykýarlar.

Liwiýanyň ýerli telewideniýesiniň berýän maglumatyna görä, Muammar Kaddafiniň goşunlary Bengazi şäheriniň bosagasynda dur.

Bengazi gozgalaňçylaryň ştab şäheridir.

Bu baradaky habaryň takyklygyny entek anyklamak başartmady.
XS
SM
MD
LG